Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin 2019-njy ýyl­y ýurt­da “Teatr ýy­ly”­ diýip yglan etmek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di. Bu barada Krem­liň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Döw­let ýol­baş­çy­sy­nyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň teatr iş­le­ri bo­ýun­ça bi­le­le­şi­gi­niň baş­ly­gy Alek­sandr Kal­ýa­gin bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da teatr me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bi­le­le­şi­giň baş­ly­gy 2019-njy ýy­ly Rus­si­ýa­da “Teatr ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi­ni tek­lip et­di. Pu­tin bu tek­li­bi ma­kul­la­dy.
Ýurtda teatr sun­ga­ty­ny mun­dan beý­läk­de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len kabul edilen resminama laýyklykda, 1-nji iýu­na çen­li Teatr ýy­ly­ny ge­çir­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti­ne tab­şy­ryk be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, mi­nistr­ler ka­bi­ne­ti­ne Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da Teatr ýy­ly­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça esa­sy çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp düz­mek we tas­syk­la­mak iş­le­ri tab­şy­ryl­dy. Se­bit­le­riň hä­kim­le­ri­ne hem Teatr ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de dür­li çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak tek­lip edil­di.