Pekindäki hytaý imperatorlarynyň gadymy rezidensiýasy 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň iň köp barlan muzeýi boldy. Ýaşy 600 ýyla deň bolan bu köşkler toplumy şu ýyl 17 milliondan gowrak adamy kabul etdi. Muzeýiň müdirliginiň maglumatlaryna görä, imperatorlar rezidensiýasynyň myhmanlarynyň 40%-i 30 ýaşa çenliler, 24%-i bolsa, 30-40 ýaşyndaky adamlar.
Açyk asmanyň astynda ýerleşýän muzeýiň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu ýer taryhy baýlyklaryň genji-hazynasy, bilim alyş-çalşygy üçin giňişlik we adaty däl eksponatlaryň tanyşdyrylyşy üçin özboluşly meýdança bolup, aýratyn-da, ýaşlary özüne çekýär. Golaýda muzeýde gadymy binagärligiň we artefaktlaryň abatlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ýere gelip görýänleriň sanyny belli bir derejede azaltmaly edildi. Muňa garamazdan, syýahatçylaryň akymy günsaýyn artýar.
Pekindäki imperatorlar rezidensiýasy häzirki wagtda “Gugun” (ozalky köşk) diýlip atlandyrylýar. Ol dünýäde iň uly köşkler toplumy bolup, 720 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Köşk 1406-1420-nji ýyllar aralygynda Min hanadanlygy döwründe gurlupdyr. Bu muzeýde 1,86 million eksponat saklanyp, olaryň bary-ýogy 2 göterimi dürli sergilere çykarylypdyr.