Kongo Demokratik Respublikasynda geçirilen saýlawlarda Demokratiýa we sosial ösüş partiýasynyň başlygy Feliks Çisekedi ýeňiş gazandy. Bu barada 10-njy ýanwarda ýurduň Milli saýlaw geňeşi habar berdi.
Maglumatlara görä, 55 ýaşly Feliks Çisekedi saýlawçylaryň 38,57 göterim sesine eýe boldy. Ikinji orna bolsa, sesleriň 34,83 göterimi bilen beýleki bir partiýanyň başlygy Marten Faýulu eýe boldy. Ozalky Içeri işler ministri Ramazani Şadary bolsa, sesleriň 23,84 göterimi bilen üçünji orny eýeledi.
Sesleriň gutarnykly netijeleri 15-nji ýanwarda mälim ediler. Şondan üç gün soňra Kongo Demokratik Respublikasynyň täze Prezidentiniň kasam kabul edişlik dabarasy geçiriler.