lfc-euros-2016-collage

Iň köp oýunçy  “Ýuwentus” bilen “Liwerpuldan”

* Çem­pio­nat­da çy­kyş et­jek 24 ýy­gyn­dy­nyň her­sin­de 23 oýun­çy bo­lup, bäs­le­şi­ge je­mi 552 fut­bol­çy gat­naş­ýar. Çem­pio­na­ta iň köp oýun­çy ibe­ren klub­lar “Li­wer­pul” bi­len “Ýu­wen­tus” to­par­la­ry­dyr. Ola­ryň her­sin­den 12 oýun­çy we­kil­çi­lik ed­ýär. Bu ugur­da 11 oýun­çy bi­len “Tot­ten­ham” 2-nji, baş­ga bir iň­lis to­pa­ry “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bol­sa, 10 fut­bol­çy­sy bi­len 3-nji or­ny eýe­le­ýär. Öz li­ga­la­ryn­da çem­pi­on bo­lan “Bar­se­lo­na” bi­len “Ba­wa­ri­ýadan” hem-de Tür­ki­ýä­niň wi­se-çem­pio­ny “Fe­ner­bah­çe­den” 10 fut­bol­çy Fran­si­ýa ça­gy­ryl­dy. “Ar­se­nal”, SSKA, “Re­al Mad­rid”, “Ba­zel” to­par­la­ryn­dan 8, “So­ut­hemp­ton­dan” “Be­şik­taş­dan”, uk­ra­in klub­la­ry “Di­na­mo” bilen “Şaht­ýordan”, “Roma” we “Zenitden” 7 oýun­ça Fran­si­ýa­da­ky çem­pio­nat­da to­ma­şa ede­ris. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu sa­naw fut­bol­çy­la­ryň ge­çen möw­süm­de oý­nan klub­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, ha­sa­ba alyn­dy.

12 – “Ýu­wen­tus”, “Li­wer­pul”
11 – “Tot­ten­ham”
10 – “Man­. Ýu­naý­ted”
9 – “Bar­se­lo­na”, “Ba­wa­ri­ýa”, “Fe­ner­bah­çe”
8 – “Ar­se­nal”, “Ba­zel”, “SSKA”, “R. Mad­rid”.

JS50963979

Iňlis klublary ep-esli öňde

* 552 oýun­çy­nyň 10-sy Ýew­ro­pa yk­ly­myn­dan bol­man, olar beý­le­ki kon­ti­nent­le­riň klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geý­ýär­ler. ABŞ bi­len Ka­ta­ryň li­ga­la­ry­nyň her­sin­den 3, Awst­ra­li­ýa­nyň, S. Ara­bys­ta­ny­nyň, Hy­ta­ýyň hem-de Mek­si­ka­nyň çem­pio­nat­la­ryn­dan-da 1 oýun­çy­ny tä­lim­çi­ler öz ýy­gyn­dy­la­ry­na ça­gy­ryp­dyr­lar.
* Çem­pio­nat­da iň­lis klub­la­ryn­dan je­mi 139 oýun­çy bar bo­lup, olar bu ugurda ep-es­li öň­de. 2-nji ýer­dä­ki Ger­ma­ni­ýa­nyň li­ga­la­ryn­da çy­kyş ed­ýän oýun­çy­la­ryň sa­ny 66-a deň­dir. Bu babatda 3-nji ýe­ri ital­ýan klub­la­ryn­da oý­na­ýan oýun­çy­lar eýe­läp, 55 oýun­çy “Serie A” we “Serie B-niň” adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýär. Türk klub­la­ryn­dan 36, is­pan klub­la­ryn­dan 35, rus klub­la­ryn­dan 32, ýer eýe­si fran­suz klub­la­ryn­dan 22, uk­ra­in klub­la­ryn­dan 21 oýun­çy sa­na­wa al­nyp­dyr. Şeý­le-de pol­ýak we şweý­sar klub­la­ryn­dan 15, çeh we wen­ger­ler­den 13, hor­wat, şwed hem-de por­tu­gal klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­le­ri­ni geý­ýän 10 fut­bol­çy çem­pio­nat­da çy­kyş eder.
* Iň köp oýun­çy Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­syn­dan” bo­lup, dün­ýä­niň iň ab­raý­ly çem­pio­na­tyn­dan 103 oýun­çy sa­na­wa alyn­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­dan” 58, Ita­li­ýa­nyň “A-Se­ri­ýa­syn­dan” 51, Tür­ki­ýä­niň “Sü­per Li­gin­den” 36, Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­dan” 34, Rus­si­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­syn­dan” 32 hem-de Ang­li­ýa­nyň 2-nji li­ga­sy bo­lan “Çem­pi­on­şip­den” 31 oýun­çy Fran­si­ýa ça­gy­ryl­dy. Gu­raý­jy ýur­duň mil­li li­ga­sy “Li­gue 1-den” 22 oýun­ça XV Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­ma­şa ede­ris.

139 – Ang­li­ýa (103 – “Pre­mi­er Lea­gue”, 31 – “Cham­pions­hip”, 4 – “Lea­gue One”, 1 – “Lea­gue Two”)
66 – Ger­ma­ni­ýa (58 – “Bun­des­li­ga I”, 8 – “Bun­des­li­ga II”)
55 – Ita­li­ýa (51 – “Se­rie A”, 4 – “Se­rie B”)
36 – Tür­ki­ýe (36 – “Sü­per Lig”)
35 – Is­pa­ni­ýa (34 – “La Li­ga”, 1 – “Se­gun­da”)
32 – Rus­si­ýa (32 – “Prem­ýer li­ga”)
22 – Fran­si­ýa (22 – “Li­gue 1)

Ähli oýunçysy-da milli çempionatyndan

* Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­nal tap­gy­ryn­da il­kin­ji ge­zek 24 ýy­gyn­dy çy­kyş edip, şo­la­ryň 5-si ýa­ry­şyň deb­ýu­tan­ty ha­sap­lan­ýar. Çem­pio­na­tyň tä­ze we­kil­le­ri saý­la­ma oýun­la­ry­na 5-nji tor­ba­dan go­şu­lan Al­ba­ni­ýa, Is­lan­di­ýa, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa, şeý­le-de Uels bi­len Slo­wa­ki­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­dyr.
* Bri­tan ada­sy­na de­giş­li 5 ýur­duň di­ňe 1-ine, ýag­ny Şot­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na Fran­si­ýa­da­ky çem­pio­na­ta ýol­lan­ma al­mak ba­şart­ma­dy.
* Ang­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na ça­gy­ry­lan 23 oýun­çy­nyň äh­li­si-de 1 ýur­duň çem­pio­na­tyn­da (“Premier league”) oý­na­ýan oýun­çy­lar­dyr. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Ang­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny düz­ýän 23 oýun­çy-da iň­lis klub­la­ryn­dan bo­lup, olar bu ugur­da ýe­ke-täk to­par­dyr. Rus­si­ýa­nyň 23 oýun­çy­sy­nyň 22-si rus klub­la­ry­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik edip, di­ňe 1 oýun­çy baş­ga ýur­duň klu­bun­dan ýy­gyn­da ça­gy­ryl­dy. Bu ba­bat­da Ita­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry 18 oýun­çy bi­len 3-nji ýer­de dur­ýar.
* Is­lan­di­ýa­nyň, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň hem-de Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­da­ky oýun­çy­la­ryň hiç bi­ri-de öz çem­pio­nat­la­ryn­da oý­na­nok. Awst­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň-da ýe­ke­je oýun­çy­sy mil­li çem­pio­nat­da çy­kyş ed­ýär.
* Is­lan­di­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň oýun­çy­la­ry 22 dür­li klub­da oý­na­ýar. Şwe­si­ýa­nyň oýun­çy­la­ry 21 klu­ba paý­la­nan bol­sa, Pol­şa­dyr Al­ba­ni­ýa­nyň hem-de Slo­wa­ki­ýa­nyň oýun­çy­la­ry 20 dür­li klu­buň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär.
* Mu­nuň ter­si­ne, Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da­ky oýun­çy­lar 8 dür­li klub­da oý­nap, olar bu gör­ke­zi­ji­de öň­de bar­ýar. Ang­li­ýa bi­len Uk­rai­na­nyň dü­zü­min­dä­ki oýun­çy­lar 10 klu­ba we­kil­çi­lik ed­ýär.
* Slo­wa­ki­ýa bi­len Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň oýun­çy­la­ry 13 dür­li li­ga­dan ça­gy­ry­lyp­dyr. Al­ba­ni­ýa­dyr Is­lan­di­ýa­nyň hem-de Ru­my­ni­ýa­nyň fut­bol­çy­la­ry 10 dür­li li­ga­da oý­na­ýar­lar.
* Ang­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry di­ňe 1 çem­pio­nat­da, ýag­ny “Pre­mi­er li­ga­da” çy­kyş ed­ýän fut­bol­çy­lar­dyr. Rus­si­ýa­dyr Ir­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýän oýun­çy­lar 2 li­ga we­kil­çi­lik ed­ýär. Ital­ýan­lar­da we uels­li­ler­de bu gör­ke­zi­ji 3-e deň.

2371584_UltraWide

Iň ýaş, ýa­şu­ly, uzyn we kel­te boý­ly fut­bol­çy­lar

* Çem­pio­na­ta gat­naş­ýan 552 oýun­çy­nyň iň ýa­şy ang­li­ýa­ly Mar­kus Reş­ford bo­lup, ol şu ýy­lyň 31-nji okt­ýab­ryn­da 19 ýa­şy­ny dol­dur­ýar. Şol san­da por­tu­ga­li­ýa­ly Re­na­to San­çes (18.08.1997) bi­len tür­ki­ýe­li Em­re Mor (24.07.1997) en­tek 19 ýa­şy­ny dol­dur­ma­dyk beý­le­ki fut­bol­çy­lar­dyr.
* Şu wag­ta çenli Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da çy­kyş eden iň ýaş oýun­çy gol­lan­di­ýa­ly Jet­ro Wil­liams­dyr (Gol­lan­di­ýa–Da­ni­ýa oý­ny 2012-nji ýyl) – 18 ýaş 141 gün.
* Iň uly ýaş­ly fut­bol­çy­la­ra se­re­de­niň­de, hem­mä mä­lim bol­şy, ýa­ly der­we­ze­çi­ler bu ugur­da ady­gan oýun­çy­lar­dyr. Ýag­daý bu çem­pio­nat­da-da şeý­le bo­lup, weng­ri­ýa­ly der­we­ze­çi Ga­bor Ki­raý 1-nji ap­rel­de 40 ýa­şy­ny dol­dur­dy. Baş­ga bir der­we­ze­çi, ir­lan­di­ýa­ly Şeý Gi­wen hem 40 ýaş­ly fut­bol­çy­la­ryň bi­ri bo­lup, ol Ki­raý­dan 20 gün soň, 40 ýa­şy ar­ka at­dy. Al­ba­ni­ýa­ly Or­ges Şe­hi bi­len De­mir­ga­zyk ir­lan­di­ýa­ly Roý Ke­roll hem sent­ýabr aýyn­da 40 ýa­şar.
* Bu ýa­ry­şyň çäk­le­rin­de meý­dan­ça çy­kan iň ýa­şu­ly fut­bol­çy Lot­tar Mat­te­us bo­lup, ger­ma­ni­ýa­ly meş­hur ýyl­dyz 2000-nji ýyl­da 39 ýa­şyn­da (39 ýaş 91 gün) Por­tu­ga­li­ýa­nyň gar­şy­sy­na oý­nap­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ýo­kar­da ady ag­za­lan der­we­ze­çi­le­riň haý­sy­sy hem bol­sa, bi­ri şu çem­pio­nat­da oý­na­sa, on­da re­kord tä­ze­le­ner.
* Oýun­çy­la­ryň or­ta­ça ýa­şy ha­sa­ba al­nan­da, iň ýaş to­par Ang­li­ýa bo­lup (or­ta­ça 25,39 ýaş), on­dan soň­ky orun­la­ry Ger­ma­ni­ýa­dyr (25,43) Şweý­sa­ri­ýa (25,57), Bel­gi­ýa (25,91) we Tür­ki­ýe (26,30) eýe­le­ýär.
* Çem­pio­na­tyň iň gar­ry ýy­gyn­dy­sy, ýag­ny or­ta­ça ýaş­la­ry go­şa­nyň­da, iň ýa­şu­ly to­pa­ry Ir­lan­di­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­dyr. 11 oýun­çy­sy­nyň ýa­şy 30-dan ýo­ka­ry bo­lan to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­nyň or­ta­ça ýa­şy 29,39-a deň. Rus­si­ýa­ly oýun­çy­lar 2-nji (28,83), çeh­ler 3-nji (28,70), slo­wak­lar 4-nji (28,43) hem-de 9 oýun­çy­sy 30 ýa­şy ge­çen ital­ýan­lar 5-nji (28,43) ha­tar­da bar­ýar.
* 35 ýaş­dan uly bo­lan oýun­çy­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa bi­len Ir­lan­di­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär (her­sin­den 3 oýun­çy).
* Çem­pio­na­tyň iň uzyn boý­ly oýun­çy­sy, ru­my­ni­ýa­ly der­we­ze­çi Kos­tel Pan­til­mon bo­lup, onuň bo­ýy 2,03 metr. Şol san­da der­we­ze­çi­ler – ang­li­ýa­ly Freý­ser Fors­ter bi­len hor­wa­ti­ýa­ly Lowr Ka­li­niç (iki­si-de 2,01 m) hem-de şwe­si­ýa­ly And­re­as Isaks­son (2 metr) çem­pio­na­tyň beý­le­ki uzyn boý­ly ýa-da bo­ýy 2 metr we on­dan ýo­ka­ry bo­lan fut­bol­çy­la­ry­dyr.
* 552 oýun­çy­nyň iň kel­te boý­lu­la­ry, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, şu gezek hem hü­jüm­çi­lerdir. Ita­li­ýa­ly Lo­ren­zo In­sin­ýe 1,63 metr­lik bo­ýy bi­len sa­naw­da 1-nji ýe­ri eýe­le­ýär. 28 ýa­şyn­da ýyl­dy­za öw­rü­len Jeý­mi War­di­niň hem-de is­pa­ni­ýa­ly Ped­ro Rod­ri­ge­siň de­giş­li­lik­de, boý­la­ry 1,65 we 1,67 met­re deň­dir. Şeý­le-de or­ta­ça bo­ýy iň uzyn fut­bol­çy­lar Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da bo­lup (1,86 m), mu­nuň ter­si­ne, soň­ky çem­pi­on Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy çem­pio­na­tyň iň kel­te to­pa­ry ha­sap­lan­ýar (1,80 m).

2353311_w1

Do­gan fut­bol­çy­lar

Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da en­çe­me ge­zek­den bä­ri do­gan fut­bol­çy­lar çy­kyş edip gel­ýär. Bu ýyl­ky çem­pio­nat­da 4 do­gan fut­bol­çy bar bo­lup, soň­ky sa­par şeý­le gör­ke­zi­ji 2000-nji ýyl­da­ky çem­pio­nat­da bo­lup­dy. Il­kin­ji sa­par dogan futbolçylar 1976-njy ýyl­da çykyş edipdi. Şon­da gol­lan­di­ýa­ly do­gan­lar Re­ne bi­len Wil­li Wan de Ker­kof­lar Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da oýnan il­kin­ji do­gan fut­bol­çy­lar bo­lup­dy. 1980-nji ýyl­da Bel­gi­ýa­dan Luk we Mark Mil­le­kamps­lar, Ita­li­ýa­dan Fran­ko we Jui­sep­pe Ba­re­zi­ler, Ger­ma­ni­ýa­dan Bernd we Karl­haýns Förs­ter­ler oý­nap­dy. Förs­ter­ler 1984-nji ýyl­da-da çem­pio­na­ta gat­na­şan ýe­ke-täk do­gan­lar bo­lup­dy. 1988-nji ýyl­da ýe­ňiş ga­za­nan Gol­lan­di­ýa­da Er­win we Ro­nald Ku­man­lar mil­li ýy­gyn­dy­la­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na sal­dam­ly go­şant go­şup­dy­lar. 1996-njy ýyl­da çy­kyş eden do­gan fut­bol­çy­la­ra se­re­de­niň­de, Da­ni­ýa­nyň ýyl­dyz­la­ry Braýn bi­len Mi­ha­el La­ud­rup­la­ra, Ang­li­ýa­dan Ga­ri we Fil Noý­wil­le­re duş gel­mek bol­ýar. 2000-nji ýyl­da ýe­ne-de Ga­ri we Fil Noý­wil­le­ri, olar­dan baş­ga-da Bel­gi­ýa­dan Emil we Mbo Mpen­za­la­ry, Gol­lan­di­ýa­dan meş­hur oýun­çy­lar Frank we Ro­nald De Bur­la­ry, Şwe­si­ýa­dan hem Da­ni­el we Pat­rik An­der­son­la­ry ag­za­mak müm­kin. 2004-nji ýyl­da­ky çem­pio­na­ta Ga­ri we Fil Noý­wil­ler 3-nji ge­zek gat­naş­dy. Gre­si­ýa­nyň ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da çem­pi­on bo­lan ýa­ry­şyn­da Hor­wa­ti­ýa­dan Ni­ko we Ro­bert Ko­waç­lar, Şweý­sa­ri­ýa­dan Mu­rat we Ha­kan Ýa­kin­lar çy­kyş edip­di­. 2008-nji ýyl­da Awst­ri­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň bi­le­lik­de gu­ran ýa­ry­şyn­da-da hor­wa­ti­ýa­ly Ni­ko we Ro­bert Ko­waç­lar, şol san­da bu ýyl­ky ýa­ryş­da bar bo­lan rus­si­ýa­ly Wa­si­liý we Alek­seý Be­re­zus­kiý­ler öz­le­ri­ni gör­ke­zip­di­ler. Bu ýyl­ky bäs­le­şi­ge do­la­nyp gel­sek, baş­da-da bel­leý­şi­miz ýa­ly, Fran­si­ýa­da 4 sa­ny do­gan fut­bol­çy bar. Öň­kü­ler­den üýt­ge­şik­lik­de, Do­gan­lar Dža­ka­la­ryň bi­ri baş­ga, beý­le­ki­si baş­ga bir ýy­gyn­dy­da oý­na­ýar. Ýag­ny as­ly al­ba­ni­ýa­ly bo­lan bu do­gan­la­ryň ulu­sy, gel­jek möw­süm­den baş­lap “Ar­se­nal­da” oý­na­jak Gra­nit Dža­ka Şweý­sa­ri­ýa­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Gra­ni­tiň ini­si Tau­lant bol­sa, öz dog­duk me­ka­ny­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny, ýag­ny Al­ba­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny saý­lap­dyr. Bir to­par­ça­da, ýag­ny “A” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän Şweý­sa­ri­ýa bi­len Al­ba­ni­ýa­nyň öza­ra du­şu­şyk ge­çir­jek­di­gi, şol bir wag­tyň özün­de do­gan­la­ryň haý­sy­sy­nyň dö­wü­niň rüs­tem gel­jek­di­gi eý­ýäm­den köp­le­ri­ iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar. Dža­ka­lar­dan baş­ga-da ýe­ne-de 3 do­gan fut­bol­çy bar. Bel­gi­ýa­dan go­rag­çy Jor­dan bi­len hü­jüm­çi Ro­me­lu Lu­ka­ku ýy­gyn­dy­nyň esa­sy dü­zü­min­de çy­kyş ed­ýär­ler. Çem­pio­na­tyň deb­ýu­tan­ty De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň dü­zü­min­de-de Kor­ri we Jon­ni Ewans­lar, şol san­da ýa­şy bir­çe­ne ba­ran rus­si­ýa­ly go­rag­çy­lar, SSKA-nyň oýun­çy­la­ry Wa­si­liý we Alek­seý Be­re­zus­kiý­ler bu çem­pio­nat­da-da oý­nar­lar.

bp15

Öň­ki çem­pi­on­la­ryň 3-si ýok

* 15-njisi ge­çi­ri­lýän Ýewropa çem­pio­na­tyna şu ýaryşy goşanyňda jemi 33 ýy­gyn­dy gat­na­şyp, şo­la­ryň 9-sy çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Ýag­ny Ger­ma­ni­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň her­si 3 ge­zek­den, Fran­si­ýa 2, ozal­ky So­ýuz, Ita­li­ýa, öň­ki Çe­hos­lo­wa­ki­ýa, Gol­lan­di­ýa, Da­ni­ýa we Gre­si­ýa hem 1 sa­par ýe­ňi­ji bol­dy.
* Fran­si­ýa­da­ky ýa­ry­şa gat­naş­ýan 24 ýy­gyn­dy­nyň 13-si 2012-nji ýyl­da çem­pio­nat­da-da çy­kyş edip­di. Pol­şa we Uk­rai­na­da­ky ýa­ryş­da bo­lup hem, Fran­si­ýa­da­ky bäs­le­şi­ge hu­kuk alyp bil­me­dik 3 ýy­gyn­dy, öňki çem­pi­on­lar – Gol­lan­di­ýa­nyň (1988), Da­ni­ýa­nyň (1992) hem-de Gre­si­ýa­nyň (2004) bu sa­par bag­ty çüw­me­di. Gol­land­lar şeý­le ha­dy­sa­ny 1984-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji sa­par baş­dan ge­çir­ýär­. Şol san­da ir­ki ýyl­lar­da 2 ge­zek fi­na­la çy­kan ozal­ky Ýu­gos­la­wi­ýa hä­zir­ki Ser­bi­ýa hem bu ýyl­ky ýa­ry­şa gat­na­şyp bil­me­di.
* Yk­ly­myň iň köp çem­pi­on bo­lan 2 to­pa­ry­nyň bi­ri we iň köp fi­na­la çy­kan ýy­gyn­dy­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry bas­syr 12-nji ge­zek gat­naş­ýar. Öň­ki SSSR-i ha­sa­ba ala­nyň­da, Rus­si­ýa­da bu gör­ke­zi­ji 11-e deň. Soň­ky 2 ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si we 3 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Is­pa­ni­ýa bas­syr 6-njy, umu­my­lyk­da 10-njy ýo­la Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eder. Olar bu ýaryşda-da ýeňiji bolup, kubogy yzly-yzyna 3 gezek alan ilkinji topar bolmagy arzuw edýärler. Ýer eýesi Fran­si­ýa­nyň (7-si yzly-yzyna), soň­ky fi­nal­çy Ita­li­ýa­nyň, şol san­da Ang­li­ýa­nyň 9-njy ge­zek­ki sy­na­ny­şy­gy bo­lar. Por­tu­ga­li­ýa 7-nji, çeh­ler bi­len şwed­ler 6-njy sa­par Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eder. Ady çem­pi­on­ly­gyň da­laş­gär­le­ri­niň ha­ta­ryn­da ag­zal­ýan Bel­gi­ýa 16 ýyl­dan soň, ýa­ry­şa 5-nji ge­zek gat­naş­ýar. Iň soň­ky sa­par 1972-nji ýyl­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­na­şan wen­ger­ler 3-nji sa­par­ky sy­na­ny­şyk üçin 44 ýyl ga­raş­ma­ly bol­dy. Awst­ri­ýa bi­len Uk­rai­na 2-nji ge­zek çem­pio­nat­da çy­kyş edip, ola­ryň iki­si-de mun­dan öň ýer eýe­le­ri hök­mün­de gat­na­şyp­dy­lar.
* Çem­pio­nat­da iň soň­ky sa­par ýer eýe­si 1984-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lup­dy. Şol ýyl­ky ýa­ryş Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­lip­di we Mi­şel Pla­ti­ni­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da fran­suz­lar il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp­dy. Fran­si­ýa il­kin­ji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­ny-da özün­de ge­çi­rip­di. 1960-njy ýyl­da­ky bu bäs­le­şik­de ozal­ky So­ýu­zyň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da şol wagt­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­ny ýe­ňip, Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň il­kin­ji çem­pio­ny di­ýen ady eýe­läp­di.