Pariž sagdyn dynç almaga laýyk gelýän 50 şäheriň reýtinginiň başyny çekdi. Reýting düzülende “Travel Super market” agentliginiň bilermenleri ýurtlaryň seýilgähleriniň, sport zallarynyň, spa-salonlarynyň, ýoga studiýalarynyň, wegeterian restoranlarynyň we sagdyn iýmitleri hödürleýän dükanlarynyň we ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sanyna salgylandylar. Şeýle hem ol şäherlerde galmagyň nyrhy göz öňünde tutuldy.
Liderligiň üçlügine Tailandyň Çiang Maý we Ispaniýanyň Barselona şäherleri girdi. TOP – 5-lige Tailandyň ýene-de bir şäheri Pattaýa, şeýle hem, Kanadanyň Wankuwer şäheri girdi.
Onluga ABŞ-nyň Maýami we San-Fransisko şäherleri, Portugaliýanyň Lissabon, Indoneziýa adasy Baliniň Denpesar şäheri, Argentinanyň Buenos-Aýres şäherleri girdiler. Moskwa sanawyň 34-nji ornuna düşdi.