8-10-njy ýan­war ara­ly­gyn­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň li­de­ri Kim Çen Yn Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ça­gy­rmagy boýunça res­mi sa­par bi­len Hy­taý­da bol­dy.

Ýa­po­ni­ýa­nyň 85 ýaş­ly im­pe­ra­to­ry Aki­hi­to iň soň­ky ge­zek mil­le­tiň öňün­de çy­kyş et­di. Onuň çy­ky­şy­ny diň­le­mä­ge To­kio­da­ky köş­gü­niň öňüne 150 müň­den gow­rak Ýa­po­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry ýygnan­dy­lar.

Bü­tin­dün­ýä Ban­ky­nyň baş­ly­gy Jim En Kimiň şu ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­dan işin­den gid­ýändi­gi ba­ra­da gu­ra­ma­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di­. Ol 2012-nji ýyl­dan­ bä­ri bu we­zi­pä­ni eýe­le­ýär­di.

Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abeniň şu ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ryn­da Mosk­wa sa­pary me­ýil­leş­diril­ýär. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da Abe Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rer.

Weng­ri­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2020-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan Weng­ri­ýa­nyň raýatlary üçin tem­mä­ki önüm­le­ri­ni sa­tyn al­ma­gy do­ly ga­da­gan et­mek ba­ra­da­ky tas­la­ma ga­ra­ýar.

Ku­ba­nyň halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň Mil­li As­samb­le­ýa­sy ýur­duň tä­ze Konstitusiýasynyň tas­la­ma­sy­ny ma­kul­la­dy. Ku­ba­nyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň tä­ze gör­nü­şini 602 we­kil­den 583-si gol­da­dy.

Ys­ra­ýy­lyň do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şi­gi ap­re­liň ba­şyn­da no­bat­dan da­şa­ry par­la­ment saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di. “Li­kud” par­ti­ýa­sy­nyň we­ki­li Knes­se­te ge­çi­ril­jek no­bat­dan da­şa­ry saý­law­la­ryň 9-njy ap­re­le bel­le­nen­di­gi­ni aýt­dy. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, tä­ze hö­kü­met dü­zü­ler hem-de tä­ze Prem­ýer-mi­nistr bel­le­ner.

ABŞ-nyň 16-njy Pre­zi­den­ti Aw­raam Lin­kol­nyň ga­ryn­daş­la­ry­na ug­ra­dan rož­dest­wo ha­ty ABŞ-da­ky auk­si­on­da 60 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Hat 1861-1865-nji ýyl­la­ryň ra­ýat­lyk ur­şy döw­rün­de ýa­zy­lyp­dyr.

Wenesuelany 2013-nji ýyldan bäri dolandyrýan Nikolas Madura prezidentlik wezipesine täzeden girişdi. Ol 2025-nji ýyla çenli möhlet bilen saýlandy. Kasam kabul edişlik dabarasy ýurduň ýokary kazyýetinde geçirildi.