Müsürde ozal hiç haçan gozgalmadyk täze arheologik tapyndynyň üstünden bardylar. Ol gadymy Müsür şalygynyň V hanadanlygynyň din hyzmatçysynyň aramgähi bolup çykdy. Onuň içindäki ruhanynyň hem-de onuň maşgala agzalarynyň hormatyna dikeldilen heýkeller juda abat saklanyp galypdyr. Şeýle hem diwaryň ýüzündäki köp sanly ýazgylar bu aramgähiň 44 asyr mundan ozal ýaşap geçen Wah-Ti diýen şahsa degişlidigini anyklamaga ýardam berdi.
Bu aramgäh Kairden 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Sakkarada ýüze çykaryldy. Hut şol ýerde hem abat saklanyp galan Joseranyň basgançakly piramidasy ýerleşýär. Ol biziň eýýamymyzdan ozal, 2650-nji ýylda bina edilipdir.