ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň ýolbaşçylary 2029-njy ýyldan başlap, diňe elektroawtobuslary satyn aljakdyklaryny we 2040-njy ýyla çenli içinden otlanýan hereketlendirijili jemgyýetçilik transportlaryndan doly ýüz öwürjekdiklerini mälim etdiler. Kaliforniýanyň Howa we ätiýaçlyklar boýunça geňeşiniň işgäri Meri Nikolsyň bellemegine görä, bu ädim Ýeriň howa gurşawyna zyýan berýän hapa gazlaryň mukdaryny azaltmaga belli bir derejede ýardam eder.
– Hapa gazlaryň howa zyňylmagy netijesinde, emele gelýän global maýylganlyk, tebigata, adama we ykdysadyýete uly zeper ýetirýär. Şonuň üçin biziň öňde goýan maksadymyz ähli elýeterli serişdeler arkaly bu giň gerimli hadysa garşy göreşmek bolup durýar – diýip, Kaliforniýa häkimliginiň wekili aýdýar.