2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde Owganystanyň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Samarkandyň Mejlisler köşgünde geçirilen duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj dagy başlyklyk etdiler.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, maýa goýumlary, innowasiýa, tehnologiýa, syýahatçylyk, ylym-bilim, lukmançylyk we sport ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem, taraplar 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Daşkentde meýilleşdirilen Owganystan boýunça 8-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny geçirmäge (RЕССА VIII) taýýarlygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga isleglerini tassykladylar. Wekiliýetiň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýaşlara niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berdiler.
“Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň birinji duşuşygynyň çäklerinde taraplar Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, gatnaşyjylar tarapyndan Owganystanda howpsuzlygyň üpjün edilmeginde “TOPH” ýaly iri göwrümli taslamalaryň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi. “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň birinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi.
Umuman, ministrler derejesinde geçirilen duşuşygyň netijeleri özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek boýunça çemeleşmeleriň birdigini subut etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary indiki ministrler duşuşygyny 2020-nji ýylda Hindistanda geçirmek baradaky Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swarajyň çakylygyny kabul etdiler.