Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy eks­port­çy ýurt­la­ry­nyň bi­ri Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen ýyl tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gin­de re­kord go­ýul­dy. Ge­çen ýyl ýurt­da­ky iş orun­la­ry­nyň sa­ny 44,8 mil­lio­na çen­li ar­typ, soň­ky 28 ýy­lyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýet­di. Şeý­le­lik­de, Gün­do­gar we Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­nyň bir­le­şen 1990-njy ýy­lyn­dan bä­ri iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji ha­sa­ba alyn­dy. Ener­gi­ýa­ny hem öz içi­ne al­ýan se­na­gat pu­da­gyn­da dö­re­di­len iş orun­la­ry­nyň sa­ny 1,7% ýo­kar­la­nyp, bu pu­dak­da iş­le­ýän­le­riň sa­ny 8 mil­li­on 335 mü­ňe ýet­di. Ýur­duň sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň (Des­ta­tis) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl ýurt­da­ky iş orun­la­ry­nyň sa­ny 2017-nji ýyl­da­ky­dan 1,3% ar­typ­dyr. Bu gör­ke­zi­ji 2017-nji ýyl­da 1,4 gö­te­rim bo­lup­dyr. 2018-nji ýyl­da 562 müň adam üçin tä­ze iş orun­la­ry dö­re­di­lip­dir. Iň köp ösüş hyz­mat­lar pu­da­gyn­da (384 müň) ha­sa­ba al­nyp­dyr. Ýurt­da 13 ýyl­dan bä­ri iş orun­la­ry­nyň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Ge­çen ýyl ýurt­da iş­siz­lik 3,5 gö­te­rim­den 3,2 gö­te­ri­me çen­li aza­lyp­dyr.