Nýu-Ýorkuň meşhur simwollarynyň biri bolan “Chrysler Building” gökdiräniniň eýeleri binany satuwa çykarmagy niýet edinýärler. “Binany saklamakda çykdajylaryň çendenaşa artmagy, şeýle islegiň sebäbi boldy” diýip,“The Wall Street Journal” habar berýär. Bu bina Abu-Dabiniň döwlet gaznasy “Abu Dhabi Investment Council” eýeçilik edip, 2008-nji ýylda gökdiräniň paýnamalaryny 600 million dollara satyn aldy we häzirki wagtda binanyň 90 göterimine eýeçilik edýär. Nýu-Ýorkuň gurluşyk kompaniýasy “Tishman Speyer Properties” onuň şärigi bolup durýar. Olar bu gökdiräni satmak maksady bilen rieltor hyzmatlaryny amala aşyrýan “CBRE Group” şereketine ýüz tutdular.
ABŞ-nyň habar beriş serişdeleri soňky ýyllarda gökdiräniň hyzmatlaryna çykdajylaryň has-da artandygyny habar berýärler. Mysal üçin 1997-nji ýylda “Tishman Speyer” binany abatlamak üçin 100 million dollar harçlady. 2017-nji ýylda binanyň ýerleşýän ýerindäki meýdanyň kärende tölegi üçin 7,75 million dollar tölemeli boldular, ýöne bir ýyldan soň, tölegler 31,5 million dollara ýetdi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, 2028-nji ýyla çenli oňa her ýylda 41 million dollar harçlamaly bolar.
“Chrysler Building” gökdiräni 1930-njy ýylda meşhur awtoulag kärhanasynyň eýesi Wolter Kraýsleriň kompaniýasy tarapyndan guruldy. Gökdiräniň belentligi 320 metre deň bolup, şol ýylyň iň belent binasy bolupdy. Ýöne 1931-nji ýylda açylan 443,2 metrlik “Empire State Building” gökdiräni ondan öňe geçdi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik binasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki “Burj Halifa” bolup, onuň belentligi 828 metre ýetýär.