“OAG Aviation Worldwide” seljeriş geçiriji kompaniýasy geçen ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň iň gowy we iň tertip-düzgünli awiakompaniýalarynyň we aeroportlarynyň reýtingini düzdi. Bu reýtinge laýyklykda, gijä galma ýa-da tertipnama bilen gabat gelmezlik ýaly ýagdaýlar Panamanyň “Copa Airlines” kompaniýasynda hemmelerden az bolan eken. Ilkinji onluga Latwiýanyň “Air Baltic”, Kataryň “Qatar Airways”, Niderlandlaryň KLM, “Hong Kong Airlines”, “Hawaiian Airlines”, “Bangkok Airways”, “Qantas Airways”, “LATAM Airline” we “Azul” ýaly kompaniýalar girdiler.
Iri aeroportlaryň arasynda tertip-düzgün babatda öňdeligi Tokionyň “Haneda” aeroporty eýeledi. Bu aeroport arkaly ýylda 30 million ýolagçy gatnaýar. Moskwanyň Şeremetýewo aeroporty “Baş aeroportlar” derejesine eýe boldy. Bu aeroport arkaly ýylda 29-30 million adam gatnaýar. Şeýle hem Minskiniň milli aeroporty berk tertip-düzgüne eýe bolan iň kiçi aeroport hökmünde ykrar edildi. Bu aeroport arkaly ýylda 2,5 million ýolagçy gatnaýar.
Reýtinge uçarlaryň uçýan we gonýan wagty barada bilermenleriň ygtyýarynda 80 göterimden gowrak maglumaty bolan awiakompaniýalar we aeroportlar düşdi. Şeýlelikde, ol 2018-nji ýylyň gatnawlary baradaky 56 million habar esasynda düzüldi. Meýilleşdirilen uçuş-gonuş wagtynyň 15 minutyň dowamynda berjaý edilmegi bilermenler tarapyndan öz wagtynda amala aşyrylan uçuş ýa-da gonuş diýlip hasap edildi.