Ma­ke­do­ni­ýa res­mi taý­dan iki di­le eýe bol­dy. Al­ban di­li­ni ýur­duň ikin­ji res­mi di­li di­ýip yk­rar et­mek ba­ra­da­ky Ka­nun güý­je gir­di. Bu ba­ra­da Par­la­men­tiň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ta­lat Ja­fe­ri ha­bar ber­di. Ma­ke­do­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň dört­den bir bö­le­gi et­nik al­ban­lar­dyr. Al­ban­ça Al­ba­ni­ýa­nyň hem-de Ko­so­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň hem res­mi di­li­dir.

“BMG-niň ýa­nyn­da­ky ABŞ-nyň he­mi­şe­lik we­ki­li Nik­ki Heý­li Bü­tin­dün­ýä Ban­ky­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär hök­mün­de hödürlendi” di­ýip, “Fi­nancial Ti­mes” ha­bar ber­di. Ban­kyň hä­zir­ki baş­ly­gy Jim En Kim 1-nji few­ral­dan öz işin­den git­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di.

Rus­si­ýanyň we Hy­ta­ýyň arasyndaky ha­ryt do­la­ny­şy­gy re­kor­dy tä­ze­läp, 100 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şeý­le gör­ke­zi­ji­ Mosk­wa bi­len Pe­ki­niň söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bel­li­ge alyn­dy. Bu ba­ra­da HHR-iň Söw­da mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Gao ha­bar ber­di.

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Wal­ýu­ta gor­la­ry­na gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça döw­let eda­ra­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2018-nji ýy­lyň de­kabr aýy­nyň ahy­ryn­da Hy­ta­ýyň wal­ýu­ta gor­la­ry 3 tril­li­on 72,7 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup­dyr.

Lon­do­nyň ab­raý­ly ma­li­ýe žur­na­ly “The Ban­ker” Por­tu­ga­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri Ma­riu Sen­te­nu­ny 2018-nji ýy­lyň iň go­wy ma­li­ýe mi­nist­ri di­ýip yg­lan et­di.

ABŞ-nyň Döw­let sek­re­ta­ry Maýk Pom­peo Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­na sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty ER-Ria­da bar­dy. Şeý­le hem ol 8-15-nji ýan­war ara­ly­gyn­da­ky sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ior­da­ni­ýa, Mü­sür, Bah­reýn, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Oman we Ku­weýt ýa­ly ýurt­lar­da bol­dy.

14-nji ýan­war­da Er­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ar­men Sar­kis­ýan tä­ze par­la­men­tiň bi­rin­ji mej­li­sin­de Ni­ko­la Pa­şin­ýa­ny ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­le­di.