“Nord Stream AG” şweý­sar kom­pa­ni­ýa­sy “De­mir­ga­zyk aky­my” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň 2011-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len gü­nün­den bä­ri gaz ug­rat­ma­gyň ýyl­lyk muk­da­ry bo­ýun­ça has ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. “De­mir­ga­zyk aky­my­nyň” ope­ra­to­ry “Nord Stream AG”-niň mag­lu­ma­tla­ry­na gö­rä, 2018-nji ýyl­da gaz ge­çi­ri­ji ar­ka­ly 58,6 mil­liard kub metr te­bi­gy gaz ak­dy­ry­lyp­dyr. Gaz ug­ra­dy­ly­şy­nyň muk­da­ry ge­çen ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, tak­my­nan, 15% ar­typ­dyr. 2017-nji ýyl­da gaz ge­çi­ri­ji­den 51 mil­liard kub metr gaz ug­ra­dy­lyp­dyr.
Tu­tuş­ly­gy­na ala­nyň­da, tur­ba ge­çi­ri­ji­niň 1-nji şa­ha­sy­nyň ulan­ma­ga ber­len wag­tyn­dan, ýag­ny 2011-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­dan bä­ri “De­mir­ga­zyk aky­my” ar­ka­ly 264,1 mil­liard kub metr gaz ak­dy­ry­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da iki şa­ha­dan yba­rat 1224 ki­lo­metr­lik tur­ba ­ge­çi­ri­ji Rus­si­ýa­nyň Wy­borg şä­he­rin­den Ger­ma­ni­ýa­nyň Lýub­min et­ra­by­na çen­li Bal­ti­ka deň­zi­niň düý­bi bi­len uza­ýar. Şeý­le hem hä­zir­ki wagt­da “De­mir­ga­zyk aky­my – 2” gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şyk iş­le­ri do­wam ed­ýär.
Tas­la­ma Rus­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ni­der­land­lar we Fran­si­ýa gat­naş­ýar. Tas­la­ma­nyň mak­sa­dy Ýew­ro­pa ba­za­ry­na ga­zyň ug­ra­dy­ly­şy­ny art­dyr­mak­dan hem-de tran­zit ýurt­la­ra bag­ly­ly­gy azalt­mak­dan yba­rat­dyr.