Bolgariýanyň Plowdiw şäheri 2019-njy ýylda Ýewropanyň medeni şäheri diýlip yglan edildi we bu derejäni dabara bilen kabul etdi. Plowdiw Ýewropanyň gadymy şäherleriniň biri bolup, onda öz taryhynyň dürli döwürlerini ýadyňa salýan köp sanly gymmatlyklar saklanyp galypdyr. Plowdiwiň häkimiýeti taryhy mirasy we medeni dürli-dürlüligi hormatlamak maksady bilen, “Bilelikde” diýen şygary saýlap aldy.
Medeni ýylyň çäklerinde Plowdiwde we ýurduň günorta-merkezi sebitleri – Warne, Sofiýa we Weliko-Tyrnowe ýaly şäherlerinde 500 töweregi dürli çäreler guralar. Ýewropanyň täze medeni şäheri mynasybetli geçirilen dabara “Dünýäniň ähli güli” diýlip atlandyryldy. Dürli ýurtlardan gelen 1500 töweregi gatnaşyjy dostluk we agzybirlik gurşawyny emele getirdi. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde syýasy jebislik hem bar. Çünki, Bolgariýa 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine girip, Plowdiw Ýewropanyň medeni şäheri diýen dereje bilen sylaglanan ilkinji bolgar şäheri boldy. Şeýle taslamany döretmek pikirini 1985-nji ýylda Gresiýanyň medeniýet ministri Melina Merkuride we onuň fransiýaly kärdeşi Žak Langda orta atypdy. Olar ýewropalylary birleşdirmegi we umumy taryhy bolan halklaryň medeni gymmatlyklaryny görkezmegi maksat edinipdiler.