Kreatiw ykdysadyýet ýa-da bilimleriň ykdysadyýeti ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup, adamyň akyl işine esaslanýar. Umuman, dünýä bazarynyň kreatiw önümçiliginiň möçberi 2002-2015-nji ýyllar aralygynda ýylda 208 milliard dollardan 509 milliard dollara çenli artypdyr. Ykdysadyýetiň aň-bilim işine daýanýan bu pudak, esasan, moda senagaty, kinematografiýa, dizaýn, mahabatlandyryş hyzmatlary, senet, saz we beýleki ugurlary öz içine alýar.
– Şu günki günde bütin dünýäniň hökümetleri ykdysadyýetiň kreatiw pudagyny ösdürmäge tagalla edýärler – diýip, BMG-niň söwda we ösüş boýunça geňeşiniň wekili Pamela Kok-Hamilton aýdýar.
Interýer dizaýny, zergärçilik önümleri, kino önümleri we moda bilen baglanyşykly hyzmatlar we harytlar eksport edilýän iň esasy kreatiw önümler bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda Hytaýyň eksport edýän harytlarynyň möçberleri ýylda 14 göterim ýokarlanyp, ol 2002-2014-nji ýyllar aralygynda bäş esse artypdyr. Ösen ýurtlaryň arasynda bu ugurda Birleşen Ştatlar hem öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle hem, Fransiýa, Italiýa we Polşa birinji onluga girýär. Internetiň ösmegi kreatiw ykdysadyýete degişli hyzmatlara islegiň has-da artmagyna sebäp boldy. Mysal üçin, iri gazetler indi internet saýtyna öýjükli abuna ýazylmagy hödürleýärler.
– Hyzmatlara bolan isleg mundan beýläk hem artar – diýip, BMG-niň söwda we ösüş boýunça geňeşiniň kreatiw ykdysadyýet boýunça maksatnamasynyň başlygy Marisa Henderson aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, ideýalar, täze pikirler we döredijilik iň “ýörgünli haryt” bolar.
UNCTAD-yň täze hasabatynda 130 ýurt boýunça maglumatlar hödürlenýär. Mysal üçin, Russiýada 2002-2014-nji ýyllar aralygynda kreatiw harytlaryň eksportunyň möçberi iki esse artyp, 2,29 milliard dollara ýetipdir. Birinji orny zergärçilik önümleri eýeläp, ýurda 790 million dollar girdeji getiripdir. Russiýada kreatiw harytlaryň importunyň möçberi 9 milliard töweregi dollardan ybaratdyr. Hasabatyň awtorlary Russiýada öýjükli hyzmatlar pudagynyň ýokary depginler bilen ösýändigini aýdýarlar. Ol 2005-2014-nji ýyllar aralygynda ýylda 35 göterim ösüpdir.
Hasabat döwründe Ukrainadan kreatiw önümleriň eksportunyň mukdary 2014-nji ýylda üç esse artyp, 239 million dollardan 768 million dollara çenli köpelipdir. Ukrainanyň moda senagatynyň harytlaryna, oýunjaklaryna we interýer dizaýnerleriniň önümlerine aýratyn isleg bildirilipdir.