Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň bi­ler­men­le­ri 2019-njy ýyl­da dün­ýä­niň ila­ty­nyň ga­bat ge­lip bil­jek me­se­le­le­ri ba­ra­da­ky sa­na­wy ne­şir e­tdi­ler. Olar ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­ny we daş­ky gur­şa­wyň üýt­ge­me­gi­ni bi­rin­ji ýer­de goý­du­lar. Sa­naw­da süý­ji, düw­nük we ýü­re­ga­gy­ry ýa­ly ke­sel­ler ikin­ji, dü­mew pan­de­mi­ýa­sy bolsa, üçün­ji ýer­de dur­ýar. Bu­la­ry ara­dan aýyr­mak üçin tä­ze bäş­ýyl­lyk me­ýil­na­ma­nyň ýo­la go­ýul­ýan­dy­gy­ny gu­ra­ma­ ha­bar ber­di.

2018-nji ýyl­da mil­li­ar­der­le­riň sa­ny 2208-e ýe­tip, bu san on ýyl mun­dan ozal­ky­dan iki es­se köp­dür. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Oks­ford şä­he­rin­dä­ki ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­sy “Oxfam”-yň bi­ler­men­le­ri Da­wos­da ge­çi­ril­en Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na ga­bat­lap ha­bar ber­di­ler.

Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň Ser­bi­ýa res­mi sa­pa­rynyň dowamynda ba­ha­sy 230 mil­li­on ýew­ro deň bo­lan 25 yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.

Şwe­si­ýa­nyň Par­la­men­ti ýur­duň wagt­la­ýyn hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy Ste­fan Lýo­we­ni Prem­ýer-mi­nistr­li­ge saý­la­dy. Par­la­ment­iň 115 wekili Ste­fan Lýo­we­ni goldady, 152 we­kil bolsa, gar­şy ses ber­di, 77-si hem sak­lan­dy. Ste­fan Lýo­we­n Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ikin­ji ge­zek ýol­baş­çy­lyk ed­ýär, onuň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti dört ýyl­dan yba­rat.

20-nji ýan­war­da dün­ýä­niň iň gar­ry ada­my diý­lip yk­rar edi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­sy Ma­sad­zo No­na­ka 114 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Ol 1905-nji ýy­lyň 25-nji iýu­lyn­da do­gul­ýar. In­di bu de­re­je 1905-nji ýy­lyň 15-nji okt­ýab­ryn­da dog­lan ger­ma­ni­ýa­ly Gus­taw Gar­ne­te geç­ýär.

ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­p bilen De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Kim Çen Ynyň du­şu­şy­gy few­ral aýy­na bel­le­nip, du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­jek ýe­ri ýakyn günlerde mä­lim edi­ler.

Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew 20-22-nji ýan­war ara­ly­gyn­da res­mi sa­par bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da bo­lup, ýur­duň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer we fe­de­ral Kans­ler An­ge­la Mer­kel bi­len hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da gep­le­şik­le­r ge­çir­di.

Ni­der­land­lar­da ge­çi­ri­len mil­li çi­gil­dem gü­nün­de Ams­ter­da­myň Dam meý­dan­ça­sy­na 200 müň­den gow­rak gül be­zeg ber­di. Ola­ry to­ma­şa edip lez­zet al­ma­ga hem-de mugt gül des­se­si üçin bu ýe­re müňlerçe ýer­li ýa­şaý­jy­lar we sy­ýa­hat­çy­lar gel­di­ler. Her ýyl­da Ni­der­land­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­rilýän 2 mil­liard­dan gow­rak çi­gil­dem dün­ýä­niň 100 tö­we­re­gi ýur­dun­da sa­tyl­ýar.

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let sta­tis­ti­ka­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dep­gin­le­ri ge­çen ýyl 6,6 gö­te­rim bo­lup, res­mi çak­la­ma­la­ra la­ýyk gel­ýär. Bu gör­ke­zi­ji soň­ky 28 ýyl­da­ky iň pes ösüş hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Dün­ýä­niň iň uly ikin­ji eks­port­çu­sy bo­lan Hy­taý ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän ýurt­la­ryň bi­ri­dir.

22-nji ýan­war­da Mosk­wa­da Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň we Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer mi­nist­ri Sind­zo Abe­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Onuň esa­sy mow­zu­gy iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we iki ýur­duň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk şert­na­ma­sy­ny bag­laş­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­r­den yba­rat bol­dy.

22-nji ýan­war­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel we Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­man­u­el Mak­ron Ger­ma­ni­ýa­nyň Ahen şä­he­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma gol çek­di­ler. Ta­rap­lar bu res­mi­na­ma­nyň 1963-nji ýyl­da gol çe­ki­len Ýe­li­seý şert­na­ma­sy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.