Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni 2019-njy ýy­lyň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na da­laş­gär hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. Ow­ga­nys­tan­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry 20-nji iýu­lda ge­çi­ri­ler. Ga­raş­syz saý­law ge­ňe­şi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, da­laş­gär­le­ri bel­li­ge alyş iş­le­ri 20-nji ýan­war­da ta­mam­lan­dy.
– Ma­ňa Am­rul­la Sa­leh we Sar­war Da­niş da­gy bi­len bir­lik­de, iýul aýyn­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ra gat­naş­mak uly hor­mat­dyr. Çün­ki, güýç­li döw­let gur­mak­da bi­ziň ta­gal­la­la­ry­myz bir­dir – di­ýip, Aş­raf Ga­ni aýt­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ow­ga­nys­ta­na ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça mis­si­ýa­sy Ow­ga­nys­tan­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ýur­duň gel­je­gi üçin aý­ra­tyn mö­hüm wa­ka­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Bu missiýa hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ar­ka­ly sag­dyn saý­law­la­ry ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­duň saý­law ins­ti­tut­la­ry­na gol­daw ber­me­giň me­se­le­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ma­gy ni­ýet edin­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na ýur­duň bir­nä­çe par­ti­ýa­la­ry bel­li­ge alyn­dy.
Şeýle hem, Ow­ga­nys­ta­nyň saý­law ge­ňe­şi golaýda 2018-nji ýy­lyň 20-21-nji okt­ýab­ryn­da ýurt­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ry­nyň deslapky ne­ti­je­le­ri­ni mälim etdi.