Islendik adam özüni ýalňyz duýup biler. Ýalňyzlyk daş-töweregiňdäki adamlaryň azlygynda ýa-da köplüginde däl-de, şol adamlaryň seniň dünýäňdäki ornuna bagly. Köpçüligiň içinde bolubam özüni ýalňyz duýýandygyny, ýeke hasaplaýandygyny häli-şindi ýaňzydýan adamlar az däl. Özümizi ýalňyzlykdan halas etmek bolsa, gönüden-göni biziň öz duýgularymyz bilen baglanyşyklydyr. Psihologlaryň berýän maslahatlaryna görä, adam ýalňyzlyk dünýäsinden çykmagyň gapysyny özi tapmaly. Bizi ýalňyzlykdan halas etjek, göwnümizi göterýän 10 sebäp barada şu aşakdakylary bilmegimiz zerur.
Göwnaçyklyk – “Göwni açygyň ýoly açyk”. Kimdir biriniň gaýgysyna edil özüňki ýaly gynanyp, şatlygyna begenip bilmek, onuň duýgularyny deň paýlaşmak ýalňyzlyk dünýäsini terk etmegimiziň ilkinji gapysydyr.
Kiçigöwünlilik – Bu dünýä diňe biziňki däl. Özümizi özgelerden tapawutly saýmak bizi ýalňyzlaşdyryp biler. Diňe belentliklere seredip ýöreýän adam öz ýolundaky päsgelçilikleri görmän, büdremäge we ýykylmaga ýakyndyr.
Hormat-sylag – Durmuşymyzda ähli zadyň gaýtargysy, yza dönüşi bar, ilkinji nobatda hem, başgalara görkezýän sylag-sarpamyzyň jogaby bolmaly. Hormata mynasyp adamlaryň sarpasyny belent tutmagy başarsak, özümiz hem sylaga laýyk bolarys. Sylagly adamlar bolsa, ýeke däldirler.
Eli açyklyk – Mal-döwlet hem, rysgal hem paýlaşmak bilen artýar. Haýsydyr bir ýakynymyzy ýa-da bir ýerlerde duşan ýat adamlary kiçijik zatlar bilen hem bagtly edip bileris. Kimdir biriniň ýylgyrmagyna sebäp bolmak, bagtly bolmagyny gazanyp bilmek biziň göwnümizi göterer.
Söýgi – Haýsy zada söýgi bilen seretseň, şol zat gözeldir. Bir akyldaryň hem aýdyşy ýaly, “Söýen zadyň özüňkidir”. Eger şeýle bolsa, gysgajyk ömrümizde söýgä hem orun bereliň, çünki söýenlerimiz bizi ýeke goýmaz.
Geçirimlilik – Günäsiz adam ýok. Beýiklik şol günäleri bagyşlamakda. Kalbymyzda öýkedir kineleri saklamak biziň ýalňyz bolmagymyzyň esasy sebäpleriniň biri. Edilen haýsydyr bir ýamanlygyň yzyna gaýdyp geljekdigini unutmaly däldiris.
Degişgenlik – Degişgen hem güldürmegi başarýan adamlaryň ýeke bolýan pursatlaryna duşýanlar az bolsa gerek. Ynsan öz ýolunyň iň kynçylykly öwrümlerinde hem ýylgyrmaga çalyşmaly. Çünki, şähdaçyklyk kynçylygy ýeňip geçmegiň iň aňsat ýoludyr.
Süýji dillilik – Söz – gudratly närse. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak ählimiziň borjumyz. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip biler. Süýji sözlülik bilen dost-dogan gazanmak biziň durmuşda bagtyýar ýaşamagymyz üçin möhümdir.
Umyt – Ýaşaýşyň gowy taraplaryny görüp bilmek, geljege umytly bolmak, arzuwly ýaşamak ynsana Alla tarapyndan berlen iň gowy ahlak-sypatlaryň biridir. Allatagaladan umydyňy kesmek ýalňyzlygyň çür depesidir.
Ynam – Aýdylyp geçilenleriň hemmesinden öňürti ynsanyň özüne söýgüsi, ynamy bolmaly. Öz güýjümize ynanmagy başarmaly. Eger biz özümize söýgini ýitirsek, özümizi ýeke goýsak, onuň öwezini doldurjak zady hiç bir ýerden tapyp bilmeris.
Şu göwnümizi göterýän häsiýetleri özümizde terbiýelemegi başaryp bilsek, hemişe ýalňyzlykdan uzakda bolarys we durmuşymyzda ähli bagtly pursatlar biziň ýaranymyz bolar.
Ogultäç Öweçowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.