Halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýapon agentliginiň (JICA) hünärmenleri Kairiň Uly Müsür muzeýinde artefaktlary ornaşdyryş işlerini alyp barýarlar. 50 gektar meýdany eýeleýän muzeýde 100 müň eksponat ýerleşdiriler. 2002-nji ýylda düýbi tutulan bu muzeý 2020-nji ýylda açylar. Bu ýere gelip görýänler 1922-nji ýylda ýüze çykarylan Tutanhamonyň aramgähinden tapylan hazynanyň ählisini görüp bilerler. Bu Faraon täze şalygyň XVIII hanadanlygyna degişli bolup, 3 müň ýyl mundan ozal Müsüri dolandyrypdyr. Ýapon bilermenleri bu taslama 2008-nji ýylda goşulyşyp, gurulýan muzeýiň artefaktlaryny usullyk bilen daşamaga hem ýardam berýärler. Şeýle hem ýapon hünärmenleri muzeý işleri boýunça müsürli kärdeşlerine tälim berýärler. Halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýapon agentliginiň wekilleri taslama diňe bir taryhy-medeni ähmiýeti boýunça däl-de, eýsem, onuň geljekki ykdysady ugurlaryny hem göz öňünde tutýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, Afrika yklymynda şunuň ýaly tutuş bir medeniýete bagyşlanan iri muzeýiň açylmagy, Müsüre gelýän syýahatçylaryň sanynyň has-da artmagyna ýardam berer. Bahasy 1 milliard dollara barabar bolan bu muzeý Giza piramidasynyň golaýynda ýerleşýär.
Muzeýiň gurluşygyna başlanmazdan ozal, dünýäniň 82 ýurdundan 1557 sany muzeý taslamasy gelip gowuşdy. Irlandiýanyň “Heneghan Peng” kompaniýasynyň taslamasy olardan iň gowusy hasaplanyp, ýeňiji 250 müň dollar möçberindäki baýrak bilen sylaglandy. Muzeýiň girelgesiniň öňünde Müsür faraony Ramses ikinjiniň 3200 ýyl mundan ozal ýasalan 11 metrlik heýkeli oturdylar.