Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Müsüre saparynyň çäklerinde kärdeşi Abdel Fattah as-Sisi bilen birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekildi. Taraplar gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Prezidentleri Kairiň halkara howa menzilini we şäheriň Gelliopolis etrabyny biri-birine baglaýan täze metronyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada ylalaşdylar. Fransuz kompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak taslamanyň bahasy 300 million ýewrodan ybaratdyr.
Taraplar döwlet dolandyryş işgärlerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki derman serişdeleri kärhanasynyň gurluşygy baradaky ylalaşyga, medeniýet, ylym-bilim, fransuz dilini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky ylalaşyklara gol çekdiler. Bulardan başga-da, taraplar täzelenýän energiýa, Sues kanalynyň ykdysady zolagyna gönükdirilen maýa goýumlary baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle hem olar Müsürdäki Fransuz uniwersitetini üýtgedip gurmak barada ylalaşdylar.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň 28-30-njy ýanwarda Müsüre amala aşyran sapary ýurduň günortasyndaky Abu-Simbel ybadathanalar toplumyndan başlady, soňra ol Kaire gelip, Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi bilen gepleşikler geçirdi. Makron bilen birlikde Fransiýanyň hökümetiniň bäş ministri we iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bu saparda boldular.