2018-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty 200 müň adam art­dy we iki Ger­ma­ni­ýa bi­ri­gen­den soň­ky döw­rüň için­de re­kord de­re­jä – 83 mil­lio­na ýetdi. “Bu re­kord ça­ga dog­lu­şy­na gö­rä däl-de, da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­nyň ha­sa­by­na ga­za­nyl­dy” di­ýip, ne­mes te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy “Deutsche Wel­le” Ger­ma­ni­ýa­nyň fe­de­ral sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­na (Des­ta­tis) sal­gy­la­nyp ha­bar ber­ýär.
Bi­ler­men­ler da­şa­ry ýurt­lu­lar bol­ma­sa, Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň azal­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär­ler. Maglumatlara görä, geçen ýyl Germaniýa göçüp baranlaryň sany, göçüp gidenlerden 340-380 müň adam köp bolupdyr. Deslapky mag­lu­mat­lar 2018-nji ýy­lyň hasabat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň ge­çen ýyl­ky ilat sa­ny ba­ra­da­ky gu­tar­nyk­ly mag­lu­mat­lar bolsa, şu ýy­lyň tom­sun­da mä­lim edi­ler.