Ylmy-barlag kompaniýasy “World Brand Lab”-yň bilermenleri “World’s 500 Most Influential Brands” ady bilen iň täsirli brendleriň sanawyny mälim etdi. 2004-nji ýyldan bäri neşir edilýän bu reýting bazardaky paýy, brende ygrarlylygy we dünýädäki orny ýaly esasy üç görkezijä daýanýar. Bilermenler barlagyň çäklerinde dünýäniň 20 müňden gowrak brendlerine baha berýärler. 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, “World’s 500 Most Influential Brands” reýtingine ABŞ-nyň 223 brendi girip, ol täsirli brendleriniň sany boýunça dünýäde öňdäki orunda durýar. Birinji üçlügi ABŞ, Fransiýa we Beýik Britaniýa eýeleýär. Sanawyň ilkinji onlugyny “Amazon”, “Apple”, “Google”, “Microsoft”, “Samsung”, “AT&T”, “Facebook”, ICBC, “Verizon” we “China Construction Bank” emele getirýär. Sanawyň öňdäki orunlarynda ABŞ-nyň kompaniýalarynyň agdyklyk edýändigini görmek bolýar. Bu ýurduň ykdysadyýeti dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden bir bölegini düzüp, bu ýagdaý ony Ýer togalagynyň ykdysadyýeti kuwwatly döwletine öwürýär. Mundan başga-da, ABŞ ylmy-barlaglar pudagynda we tehnologik innowasiýada lider hökmünde öňe saýlanýar. Iň täsirli brendi bolan 10 ýurduň arasynda Şwesiýa we Koreýa 10-njy orny eýeleýär. Reýtingiň 9-njy ornunda “Shell”, “Philips”, “Heineken” ýaly brendleri bilen Niderlandlar durýar. Niderlandlarda “Royal Dutch/Shell”, “Unilever”, “Royal Philips Electronics” ýaly transmilli Ýewropa kompaniýalarynyň ştab-kwartiralary we önümçilik kuwwatlyklary ýerleşýär.
Reýtingde Italiýa (“Gucci”, “Prada”, “Ferrari”, “Fiat”) 8-nji orunda durýar. 7-nji orunda Şweýsariýa (“Nestle”, “Credit Suisse”, “Rolex”, “UBS”) durýar. Onuň yz ýanyndan Germaniýa (BMW, “Mercedes-Benz”, “Volkswagen”, “Audi”), Hytaý (“State Grid”, “Tencent”, “Haier”, ICBCКНР) we Ýaponiýa (“Canon”, “Sony”, “Toyota”, “Panasonic”) gelýär.