Irlandiýanyň Kilkenni şäherinde geçirilen auksionda meşhur ýazyjy Jeýms Joýsuň seňrigi gapjap duran sapsyz äýnegi gutusy bilen birlikde satyldy. Näbelli müşderi bu äýnege 17 müň ýewro töledi. Auksion öýi “Fonsie Mealy Auctioneers”-iň başlygy Jorj Milliniň aýtmagyna görä, bu äýnege diňe bir ýewropaly kolleksiýaçylar däl, eýsem ABŞ-ly, awstraliýaly we hytaýly sungatyň gadyr-gymmatyny bilýän hünärmenler has uly gyzyklanma bildirdiler. Mahmal bilen bejerilen gabyndan başga-da, topbaga altyn çaýylan klips gysgyjy we zynjyrjygy girdi. Joýs bu äýnegini ady rowaýata öwrülen romany “Ulysses” romanyny ýazýan wagty ulanypdyr. Ol bu äýnegini soňra öz dosty Tomas Pýuga sowgat beripdir. Joýsuň ähli suratlary diýen ýaly seňrigini gapjap duran tegelek görnüşli äýneginde düşürilipdir.