Gün energiýasy bilen işleýän “Solar Impulse-2” uçary uly gyzyklanma döretdi. Golaýda ol özüniň nobatdaky uçuşyny tamamlap, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Jon Kennedi adyndaky halkara aeroportuna gondy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun howa menziline gelip, uçaryň edermen uçarmanlary Bertran Pikary hem-de Andre Borşbergi gutlady. Baş sekretar uçara münüp gördi we soňky döwürlerde ylym-bilim, tehnologiýa hem-de innowasiýa ulgamlarynda gazanylýan üstünlikleriň dünýäde durnukly ösüşiň ilerlemegine saldamly goşant goşjakdygyny belledi.
– “Solar Impulse-2” uçary Nýu-Ýorkda garşylamak örän ýakymly. 22-nji aprelde uçarman Bertran Pikar bilen wideoşekilli aragatnaşyga çykyp, gürleşdim. Şol gün howanyň üýtgemegi boýunça Pariž şertnamasyna 175 döwlet gol çekipdi. Uçar bolsa, Ýuwaş ummanyň üstünde uçuşyny amala aşyrýardy – diýip, Pan Gi Mun belledi.
Şeýle hem ol uçarmanlaryň bir damja ýangyç ulanman, Ýer togalagyny aýlanyp çykýandygyny belläp, bu ýerde aýratyn nygtamaly zadyň häzirki zaman tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, energiýa bolan mätäçligi azaldyp boljakdygyna, daşky gurşawa aýawly çemeleşiljekdigine, dünýäde durmuşyň hiliniň has-da gowulanmagyna mümkinçilik dörediljekdigine ünsi çekdi.
“Solar Impulse” uçarynyň birinji nusgasy ilkinji uçuşyny 2009-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Şweýsariýanyň Dübendorf şäherinde amala aşyrypdy. Soňra onuň bilen 2010-njy ýylda 26 sagatlap üznüksiz uçmak başardypdy. Uçar 2012-nji ýylda Ispaniýadan Marokka çenli baryp, ilkinji yklymara uçuşyny ýerine ýetiripdi. Onuň ikinji nusgasy hem ähli synaglary üstünlikli geçdi. Ganatynyň açyklygy 72 metre barabar bolan uçarda dört sany perli hereketlendiriji bar. Onuň ganatlarynda 17 müň 248 sany litiý-polimer panel oturdylypdyr. Uçaryň batareýasynyň agramy 633 kilogram. Howa gämisiniň umumy agramy 2 müň 300 kilogram.