Elektron söwda ulgamynda uly meşhurlyga eýe bolan “Amazon.com Inc.” kompaniýasy öz sebitinde sazlaşykly ösýän Hindistanda 3 milliard dollar möçberinde maýa goýum özleşdirmegi maksat edinýär. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäklerinde bu kompaniýanyň ýolbaşçysy Jeff Bezos bilen duşuşdy. Bezos duşuşykda eden çykyşynda “Amazon” kompaniýasy hökmünde Hindistanyň ykdysadyýetinde uly mümkinçilikler görýändiklerini aýtdy.
2014-nji ýylda bu kompaniýa Hindistanda 2 milliard dollar maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirdi. Şeýlelikde, maýa goýumyň umumy bahasy 5 milliard dollara golaýlaýar.
«Amazon» kompaniýasy Hindistanda öz internet-saýty arkaly üçünji taraplara dürli harytlary satýarlar. Şeýle hem kompaniýanyň bu ýurtda dürli ammarlary bar. Amerikaly şereket Hindistanda maglumat merkezini açmagy maksat edinýär. Kompaniýanyň bu döwletdäki esasy bäsdeşi – “Flipkart Internet Pvt.” we “Snapdeal.com.” atly ýerli firmalar.
“Morgan Stanley” kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl Hindistanyň raýatlary internet arkaly 16 milliard dollarlyk, 2014-nji ýylda bolsa, 6,3 milliard dollarlyk haryt satyn aldylar.