«Microsoft» kompaniýasy işewürlik gepleşikleri amala aşyrmak üçin ulanylýan «LinkedIn» internet toruny 26,2 milliard dollara satyn alýar. Munuň üçin “Microsoft” şereketi bu firmanyň her bir paýnamasyny 196 dollardan alýar. Bu-da firmanyň bazardaky bahasyndan görnetin köpdür. Geleşigiň şu ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.
«Microsoft»-yň baş müdiri Satýa Nadella öz çykyşynda: – “LinkedIn” firmasynyň topary işewürligi ösdürmek maksady bilen örän oňat mümkinçilik döretdi. Dünýäniň dürli künjegindäki işewürleriň arasynda aragatnaşyk ýola goýuldy. Biz hem bu işi has-da ilerletmek isleýäris – diýdi.
Häzirki wagtda “LinkedIn” internet torunyň ulanyjylarynyň sany ep-esli köpeldi. Soňky ýyllarda olaryň sany 433 milliona golaýlady. Olaryň 33,4 göterimi ABŞ-nyň raýatlarydyr. Bu firmanyň satyn alynmagy “Microsoft”-yň baş müdiri Satýa Nadellanyň 2014-nji ýyldan bäri kompaniýa ýolbaşçylyk edip gelýän döwründäki iň gymmat geleşik bolar.