2019-njy ýy­lyň 6-njy mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­na­syn­da il­çi­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da ha­sa­ba al­nan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly ulag, ener­ge­ti­ka we suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy ugur­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­na ba­gyş­la­nan bri­fing ge­çi­ril­di. Bri­fing­de hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ara­syn­da ener­ge­ti­ka, ulag we suw-eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­synyň eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da gür­rüň edil­di.
Bri­fin­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R. Me­re­dow, BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jysy Ý.Pa­no­wa, ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­ly­gy N.Drozd, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­ly­gy N.Ger­man, şeý­le hem Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Uk­rai­na­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­le­ri çy­kyş et­di­ler.
Türk­men we­ki­li­ýe­ti öz çy­ky­şyn­da 2015-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Te­gu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň dip­lo­ma­ti­ýa işin­de tä­ze ug­ruň – suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gi ha­kyn­da­ky me­se­lä­ni öňe çy­ka­ran­dy­gy­ny bel­läp geç­di. 2018-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti dur­nuk­ly ösüş nuk­daý­na­za­ryn­dan suw me­se­le­le­ri­niň der­wa­ýys­dy­gy ba­ra­da aýt­dy. Bri­fin­ge gat­na­şy­jy­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň suw dip­lo­ma­ti­ýa­syn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Bu ugur­da “Al­tyn Asyr” Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti, şeý­le hem Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­syn­a baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan mö­hüm iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti nyg­ta­lyp ge­çil­di.

Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şiň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ýur­du­myz­da ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bo­ýun­ça ýa­daw­syz ala­da­la­ry aý­ra­tyn bel­le­nip ge­çil­di. Ýur­du­myz­da de­mir­ ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa we suw ulgam­la­ry­nyň çe­kil­me­gi bi­len amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ge­çel­ge­le­ri dö­re­dil­ýär, bu bol­sa se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni, ýurt­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny we ha­ryt do­lan­şy­gy­nyň göw­rüm­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün eder.
Ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy ba­bat­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri göw­rüm­li ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da gür­rüň be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-gaz se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, bu te­bi­gy baý­lyk­la­ry mil­li ösü­şe hem-de bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li. Mu­nuň özi bol­sa, ýe­ne bir ge­zek ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ha­ky­ky pa­ra­hat­çy­lyk we ösüş mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup gal­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gyç­la­ry­nyň esa­syn­da ener­go­se­riş­de­le­ri hal­ka­ra ba­zar­la­ra çy­kar­ma­gyň dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly ulgamyny döretmek bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­ tarapyndan Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di. Ga­zyň HHR-e yzy­gi­der­li ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ägirt uly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ril­ýär, hä­zir­ki wagt­da bol­sa ga­zyň Ýew­ro­pa ug­ra­dyl­ma­gy bo­ýun­ça gep­le­şik­ler iş­jeň­leş­di­ril­di. Mas­la­hat­da bu ugur­da go­laý­da gol çe­ki­len Ha­zar deň­zi – Ga­ra deň­zi ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça Bu­ha­rest Beýannamasynyň äh­mi­ýe­ti bel­le­ni­lip ge­çil­di. BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Ýe­le­na Pa­no­wa­nyň bel­leý­şi ýa­ly, BMG dür­li ugur­lar bo­ýun­ça iş­jeň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Biz ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi­niň ha­ty­ra­sy­na te­bi­gy se­riş­de­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­ler­de di­ňe öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de öza­ra bäh­bit­li çöz­güt­le­ri ta­pyp bol­jak­dy­gyn­dan ugur al­ýa­rys. BMG ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly hem howp­suz üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ta­gal­la­la­ry­ny he­mi­şe gol­da­ýar.
Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa Drozdyň belläp geçişi ýaly, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny we te­bi­gy se­riş­de­le­riň, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li do­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň gün ter­ti­bin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. ÝHHG se­bi­ta­ra gep­le­şik­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek hem-de bu me­se­le­le­ri çöz­me­giň tä­sir­li usul­la­ry­ny iş­läp düz­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.