Abu-Da­bi­niň Mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (AD­NOS) Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň SK hol­din­gi bi­len iri ýe­ras­ty ne­bit re­zer­wua­ry­ny gur­mak mak­sa­dy bi­len şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Abu-Da­bi­niň Mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, ba­ha­sy 4,4 mil­liard dir­hem­lik (1,187 mil­liard amerikan dol­la­ry) iş­ler Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň SK hol­din­gi­ne de­giş­li gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­na tab­şy­ryl­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy ýur­duň El-Fu­jaý­ra emir­li­gi­niň gün­do­gar ke­nar­la­ry­nyň go­la­ýyn­da äti­ýaç­lyk mak­sa­dy bi­len 42 mil­li­on bar­rel­lik ne­bit re­zer­wua­ry­ny gur­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýe­ras­ty des­ga­nyň her bi­ri 14 mil­li­on bar­rel­lik 3 sa­ny re­zer­wu­ar­dan yba­rat bo­lar.
Abu-Da­bi­niň Mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sol­tan Ah­med Al-Ja­be­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ne­bit önüm­le­ri sak­lan­ýan re­zer­wu­ar­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň mak­sa­dy ýur­duň ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den hem-de çig ne­bi­ti yg­ty­bar­ly üp­jün edi­ji hök­mün­de BAE-niň de­re­je­si­ni ber­kit­mek­den yba­rat­dyr. Onuň gur­lu­şyk iş­le­ri 2022-nji ýyl­da ta­mam­la­nar.