Demirgazyk Amerikanyň nebit ägirdi “ExxonMobil” kompaniýasy tarapyndan Kipriň kenarlarynda açylan gaz ýatagynyň gorlary takmynan 142-den 227 milliard kubmetre deňdir. Bu barada “Exxon Mobil”-iň beýanatynda mälim edilýär.
Bu gaz ýatagy Kipriň ykdysady zolagyndaky deňiz kenarlarynda gözleg-buraw işleri geçirilýärkä ýüze çykaryldy.
Bu gorlaryň mümkinçiliklerini anyk kesgitlemek maksady bilen barlaglaryň geçiriljekdigi “ExxonMobil” kompaniýasynyň beýanatynda mälim edilýär.
– Bu soňky iki ýylyň içinde dünýäde ýüze çykarylan gaz ýataklarynyň ululygy boýunça üçünjisidir. Golaýda açylan bu gaz ýatagy dünýä we sebit bazarynyň energiýa çeşmelerine hyzmat eder – diýip, kompaniýanyň başlygy Stiw Grinlin aýtdy.
Mundan başga-da, Ýewropa kompaniýasynyň ikisi – Italiýanyň “ENI” we Fransiýanyň “Total” kompaniýalary ýylyň ahyryna çenli Kipriň ykdysady zolagynda 5 guýyny burawlamagy meýilleşdirýär.