Estoniýada geçirilen Parlament saýlawlarynda sagçy liberal Reform partiýasynyň 28,8% ses bilen ýurduň Parlamentinde öňdeligi eýeledi. Bu ýagdaý ýurduň Parlamentindäki 101 orundan 34-siniň Reform partiýasyna degişli boljakdygyny görkezýär.
Bu barada Saýlawlary geçirmek boýunça döwlet gullugynyň saýtynda habar berilýär. Hökümete ýolbaşçylyk edýän Sentristskaýa partiýasy sesleriň 23%-i bilen 26 orna eýe boldy. Estoniýanyň Konserwatiw halk partiýasy sesleriň 17,8%-i bilen 19 orna, “Watan” partiýasy 11,4% ses bilen 12 orny, Sosial-demokrat partiýasy 9,8% ses bilen 10 orny eýelemegi başardy.
Beýleki partiýalar 5%-den geçip bilmediler. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, parlamentde orun almak üçin azyndan 5 göterim ses almaly. “Estoniýa 200” 4,5%, “Ýaşyl Estonlar” 1,8%, “Durmuş” we “Erkin” ýaly partiýalar bary-ýogy 1,2%, garaşsyz dalaşgärler bolsa, 0,3% ses aldylar.
Estoniýanyň 101 orunly Parlamentine saýlawlar 3-nji martda geçirilip, saýlawçylar üçin 451 saýlaw uçastogy öz gapylaryny açdy. Saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin 10 partiýa we 15 garaşsyz dalaşgär bäsleşdi. Saýlawlaryň resmi netijeleri şu aýyň dowamynda mälim ediler.