Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň 5 million bosguna raýatlyk berendigi habar berildi. Raýatlyga kabul edilen bosgunlaryň agramly bölegi Marokkonyň ýaşaýjylarydyr. Bu barada Ýewropanyň statistika gullugy “Ýewrostat” habar berdi.
2009-2014-nji ýyllar aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň 28 döwleti bosgunlary raýatlyga kabul etdi. Diňe 2014-nji ýylda 890 müň bosgun Ýewropanyň raýaty boldy. Bu babatda ilkinji 3 orny degişlilikde Marokko, Albaniýa hem-de Türkiýe eýeleýär. Dördünji orunda barýan hindistanly bosgunlary, esasan hem, Beýik Britaniýa we Irlandiýa raýatlyga kabul edýär.
Günorta Amerikanyň – Ekwadoryň, Kolumbiýanyň, Perunyň we Boliwiýanyň bosgunlaryny Ispaniýa, Italiýa we Fransiýa ýaly döwletler kabul etdi.