Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de tä­ze bi­lim mek­dep­le­ri dö­re­di­ler. Giň ge­rim­li bu tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 1,5 mil­liard dir­he­me (408 mil­lon dol­lar) ba­ra­bar. Bu ba­ra­da BAE-niň wi­se-pre­zi­den­ti we Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­baý Emir­li­gi­niň hä­ki­mi Şeýh Mu­ham­med Bin Ra­şid Al-Mak­tum mä­lim et­di. Onuň aýtmagyna gö­rä, bu tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, mek­dep­ler­de ro­bot teh­ni­ka­la­ry, eme­li aň, sag­ly­gy go­ra­ýyş, daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça bar­lag­ha­na­la­r, şeý­le hem ýö­ri­te sport des­ga­la­ry or­naş­dy­ry­lar.
– 100 mil­li­on dir­hem (27 mil­li­on dol­lar) bol­sa, söw­da, ne­bit­-gaz we lo­gis­ti­ka ugur­la­ryn­da oka­ýan 65 müň ta­ly­byň biz­nesi içgin öwrenmäge we kar­ýe­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­ler – di­ýip, Du­baý Emir­li­gi­niň hä­ki­mi bel­leýär. Bu baş­lan­gyç­lar ösen teh­no­lo­gi­ýa bi­len aýak­daş git­mä­ge, öz en­dik­le­ri­ni hä­zir­ki za­manyň ta­lap­la­ry bi­len uý­gun­laş­dyr­ma­ga hem-de ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer.
Şeý­le hem ol ta­lyp­la­ryň kä­mil bi­lim al­mak­la­ry üçin ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­me­gi tab­şy­ryk ber­di. – BAE mek­de­ple­ri – olar gel­je­giň okuw mer­ke­zle­ri­dir. Bi­ziň ta­lyp­la­ry­myz bol­sa, BAE-niň gel­jek­ki eýe­le­ri­dir – di­ýip, Şeýh Mu­ham­med Bin Ra­şid Al-Mak­tum aýt­dy.