Deňizde syýahat etmäge niýetlenen ägirt “Kosta Wenesiýa” (Costa Venezia) gämisi Italiýada suwa goýberildi. Agramy 135 müň tonna we uzynlygy 300 metrden gowrak bolan köp palubaly gämi, esasan, Hytaý bazary üçin niýetlenendir. Onuň ady hem ýöne ýere saýlanmandyr, çünki Kosta Wenesiýanyň interýeri tutuşlygyna diýen ýaly gadymy italýan şäherini ýadyňa salýar. Gämidäki konsert zalynyň interýeri “La Feniçe” teatryndan ylham alnyp döredilipdir. Zalyň ugry Wenesiýanyň köçelerini we alleýalaryny ýadyňa salýar. Italýan we hytaý tagamlary taýýarlanýan restoranda wenesiýaly ussalar tarapyndan ýasalan 10 metrlik haşamlanan kürekli gaýyk goýlupdyr.