Syýahatçylyk hyzmatlary bilen meşgullanýan “TripAdvisor” şereketi syýahatçylaryň seslenmeleri we özlerinde galan täsirleri esasynda dünýäniň iň gowy plýažlarynyň reýtingini düzdi. Fernandu-di-Noronýa arhipelagynda ýerleşýän brazil plýažy Baýa-du-Sanço reýtingiň başyny çekdi. Syýahatçylar bu kenaryň arassa suwy, belent kenarýaka gaýalary we delfinleri bilen özüne maýyl edýändigini belleýärler.
Kubanyň Waradero şäherindäki kenar ýakalary ikinji orna mynasyp boldy. Syýahatçylar bu ýerde Günüň batýan çagyndaky özboluşly gözelliklere hem-de rahatlyklara ýokary baha berdiler.
Karib deňzindäki Aruba adasynda ýerleşýän Igl-biç plýažy üçünji orny eýeledi. Bu ýer geň-enaýy Fofoti agaçlary hem-de deňiz pyşdyllary bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Reýtinge dünýäniň dürli künjünden 25 plýaž girizilipdir. Olaryň arasynda Ispaniýadaky La-Konça, Prowidensiales adasyndaky Greýs-Beý we Florida ştatyndaky Kliruoter plýažy bar.