Fransiýada geçirilen Halkara oba hojalyk sergisinde golştin tohumyndan bolan Olga atly sygyr rekord bahadan, ýagny 130 müň ýewro satyldy. Serginiň resmi saýtynda habar berilmegine görä, oba hojalyk sergisinde ýörite auksion geçirilip, onda tohumlyk sygra ýokary baha berlipdir.
2018-nji ýylda doglan sygyr Kanadanyň we Germaniýanyň seleksiýa boýunça professional bileleşigi tarapyndan satyn alnypdyr. Onuň bahasynyň malyň özboluşly genetik häsiýetnamasy bilen berk baglanyşyklydygy beýanatda bellenýär. Bu sygyr Fransiýanyň öňdebaryjy fermerleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdir. Sygryň satyn alnan gutarnykly bahasy Fransiýa we bütin Ýewropa üçin rekord görkezijä deň boldy.
Halkara oba hojalyk sergisi her ýylyň 23-nji fewralyndan 3-nji martyna çenli aralykda Parižde geçirilýär. Oňa 1,4 müň töweregi oba hojalyk önümlerini öndürijiler gatnaşýarlar. Bu ýyl sergä ýüz müňlerçe adam gelip gördi. Geçen ýyl sergini görmäge gelenleriň sany 670 müňe barabar bolupdy.