Ýaponiýanyň hökümeti deňiz ýalpaklaryndaky ýataklarda nebit we tebigy gaz önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Esasan hem, Hokkaýdo adasynyň demirgazyk kenarynda uglewodorod serişdeleriniň bardygy çaklanylýar. Bu barada “Iomiuri” gazeti habar berýär.
Onuň maglumatyna görä, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi geologiýa gözleg işleriniň täze tapgyry üçin anyk meýilnama işläp düzdi. Bu maksatnama laýyklykda, ýaponlar metan gidraty känlerini gözläp tapmagyň üstünde işleýärler. Metan gidratyndan tebigy gaz almak mümkinçiligi bar. Gürrüň Hokkaýdo adasynyň daş-töweregi hem-de Simane we Ýamaguti prefektura barada gidýär.
Gözleg işlerinde döwletiň hem-de hususy pudagyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak meýilleşdirilýär. Ýurduň hökümeti geologiýa gözleg işleri üçin sarp ediljek harajatlaryň möçberiniň 20 milliard ýene (190 million dollar) barabar boljakdygyny çaklaýar.
2013-nji ýylda metan gidratyny gözläp tapmak üçin döwlet we hususy kompaniýalar bilelikde iş alyp bardy. Şonda Ýaponiýada metan gidratyndan 120 müň kubometr gaz öndürildi.