Hytaýyň «Sinopek» döwlet nebit-himiýa korporasiýasy 2015-nji ýyldaky gazanan netijelerini mälim etdi. Degişli döwürde bu kompaniýanyň daşary ýurtlardaky ýataklardan öndüren nebitiniň hem-de tebigy gazynyň möçberi 44,36 million tonna barabar boldy. Hytaýyň özünde bu görkeziji 41,74 million tonna nebite, 20,7 milliard kubometr tebigy gaza deňdir.
Hytaýly kompaniýa dünýäniň 26 döwletinde 50-ä golaý taslamany amala aşyrýar. Afrikada, Günorta amerikada, Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada, Russiýada we Demirgazyk Amerikada iş alyp barýan “Sinopek” kompaniýasynyň 2015-nji ýylda nebit, ýangyç hem-de suwuklandyrylan gaz boýunça amala aşyran söwdasynyň möçberi degişlilikde 293 million tonna, 36,79 million tonna hem-de 1,55 million tonna barabar boldy.