11-nji ap­rel­de Hin­dis­tan­da par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­er. Saý­law möw­sü­mi 7 tap­gy­ra bö­lü­nip, ola­ryň iň soň­ku­sy 19-njy maý­da ta­mam­lan­ar.
Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy Lok Sab­ha­nyň da­laş­gär­le­ri­ne 900 mil­li­on saý­law­çy ses be­rer. Hin­dis­ta­nyň ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan ra­ýat­la­ry­nyň sa­ny Ýew­ro­pa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň ila­tyn­dan hem köp­dür. Saý­law­lar 11-nji ap­rel­de, 18-nji ap­rel­de, 23-nji ap­rel­de, 29-njy ap­rel­de, 6-njy maý­da we 19-njy maý­da ge­çi­ri­lip, ses­leriň jemi 23-nji maý­da sa­na­lar.
Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa “Bha­ra­ti­ýa ja­na­ta par­ti” hem hin­di halk kong­re­si ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen bäs­deş­le­ri we bir­nä­çe se­bit par­ti­ýa­la­ry bi­len ýur­duň par­la­men­tin­de orun al­mak üçin bäs­le­şer­. Ýur­duň iň gür ilat­ly ş­ta­ty Ut­tar-Pra­deş­de iki se­bit par­ti­ýa­sy­nyň li­der­le­ri ýe­ňiş ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len bir­leş­di­ler.
Lok Sab­ha­da 543 orun bar. Par­ti­ýa­la­ryň hö­kü­met düz­mek üçin azyn­dan 272 or­na eýe bol­ma­gy ge­rek. Ýurt­da soň­ky gezek ge­çi­ri­len saý­law­la­ra ila­tyň 66 gö­te­ri­mi gat­naş­dy. Hin­dis­tan­da il­kin­ji saý­law­lar 1951-nji ýyl­da ge­çi­rildi.