Slowakiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda iň köp sesi Zuzana Çaputowa aldy. Progressiw Slowakiýa partiýasynyň dalaşgäri Çaputowa 40,2%, häkimiýetdäki Sosial demokrat SMER partiýasynyň dalaşgäri Maroş Şefçowiç 18,7% ses aldy. Şeýlelikde, iň köp ses alan bu iki dalaşgär ikinji tapgyrda öz aralarynda bäsleşer. Saýlawa jemi 13 dalaşgär gatnaşyp, olaryň arasynda ozalky adalat ministri Stefan Harabin (14%), Marian Kotleba (10%), Frantisek Miklosko (5%), Bugar Bela (3%) dagy bar.
Käri hukukçy bolan Çaputowanyň syýasy karýerasy 2017-nji ýylyň ahyrynda Progressiw Slowakiýa partiýasyna goşulmagy bilen başlanýar.
2009-njy ýylda Ýewropa Komissiýasynyň agzasy bolan Şefçowiç bolsa, 2014-nji ýylyň 1-nji noýabryndan bäri Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.
Saýlawlaryň ikinji tapgyry 30-njy martda geçiriler. Ýeňiş gazanan dalaşgär ýurduň 5-nji Prezidenti bolar. 5,5 milliona golaý ilaty bolan Slowakiýada 4,4 million töweregi saýlawçy bar. 1993-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanan ýurtda döwlet ýolbaşçysy halk tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanýar. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, Prezident yzly-yzyna iki möhlete saýlanyp bilýär. 2014-nji ýylyň martynda saýlanan Slowakiýanyň häzirki döwlet ýolbaşçysy Andreý Kiska ikinji möhlete dalaşgär bolmajakdygyny aýdypdy.
2004-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurt 2009-njy ýyldan bäri resmi pul birligi hökmünde ýewro ulanýar. Şeýle hem ýurt Şengen giňişligine girýär.