11-15-nji mart ara­ly­gyn­da Ken­iýa­nyň paý­tag­ty Naý­ro­bi­de BMG-niň daş­ky gur­şa­wa ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. 4-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­ha­ta dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, te­bi­ga­ty go­ra­mak üçin ta­gal­la ed­ýän gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri we hü­när­men­ler gat­naş­dy. “Gel­je­gi na­zar­la­mak, bi­le­lik­de ýa­şa­mak” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tda ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, içim­lik suw­y we azyk üp­jün­çi­ligi ýa­ly me­se­le­ler ba­bat­da gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şyl­dy. Mas­la­hat­da dün­ýä­niň 70 ýur­dun­dan 250 tö­we­re­gi hü­när­me­niň 6 ýy­lyň do­wa­myn­da taý­ýar­lan 740 sa­hy­pa­lyk mag­lu­ma­ty hem ýaý­ra­dyl­dy. Mag­lu­mat­da ýurt­la­ryň je­mi içer­ki önü­mi­niň 2 gö­te­ri­mi­ni daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz ma­ýa go­ýum­la­ra gö­nük­dir­ilen­de, glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga, suw me­se­le­si­ni çöz­mä­ge we uzak möh­let­li ösü­şe peý­da ge­tir­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Azyk önüm­le­ri­niň is­rip edil­me­gi­niň öňi al­nan ýag­da­ýyn­da 2050-nji ýyl­da Ýer ýü­zün­de ýa­şa­jak 9-10 mil­liard ada­myň azyk üp­jün­çi­li­gi­niň do­ly ama­la aşy­ry­l­jak­dy­gy nyg­tal­ýar. Şeý­le hem bu mag­lu­mat­da glo­bal de­re­je­de ön­dü­ril­ýän azyk önüm­le­ri­niň üç­den bir bö­le­gi­niň is­rip edil­ýän­di­gi, se­na­gat­la­şan ýurt­lar­da bu gör­ke­zi­ji­niň has ýo­ka­ry­dy­gy­ aý­dyl­ýar. Mag­lu­ma­tyň aw­tor­la­ry plast­mas­sa zy­ňyn­dy­la­ry­ny çig mal hök­mün­de gaý­ta­dan ulan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne hem üns çe­kip­dir­ler. Her ýyl­da um­man­la­ra 8 mil­li­on ton­na plast­mas­sa zy­ňyn­dy­la­ry­nyň taş­lan­ma­gy­, jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň sa­ny­nyň azal­ma­gy, ekin meý­dan­la­ry­nyň gu­rak­laş­ma­gy, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy ýa­ly me­se­le­le­riň öňü­niň al­nyp bol­unjak­dy­gy aý­dyl­ýar.
Mas­la­hat­da sarp edi­li­şiň we önüm­çi­li­giň do­wam­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän tä­zeçil çöz­güt­ler hö­dür­len­di. Şeý­le hem azyk, söw­da we ener­gi­ýa ba­bat­da tyg­şyt­ly­lyk edi­len­de bu me­se­le­le­riň çö­zü­lip bi­lin­jek­di­gi aý­dyl­dy. BMG-niň bu mag­lu­mat­na­ma­sy­nyň aw­tor­la­ry Jo­ýi­ta Gup­ta we Pa­ul Ekins met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­tyn­da mu­nuň üçin en­tek wag­tyň bar­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Mas­la­hat­da çy­kyş eden Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne ga­raş­ly­ly­gy azalt­mak üçin gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa gör­nüş­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ma­ga ça­gyr­dy.