Her ýyl mil­li­on­lar­ça adam dün­ýä­ ýurt­la­ry­na sy­ýa­hat ed­ýär, gaý­ry milletleriň me­de­ni­ýe­ti, aş­ha­na­sy, te­bi­ga­ty bi­len ýakyndan ta­nyş­ýar. Go­laý­da ge­çen ýy­lyň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul eden ýurt­la­ryň sa­na­wy mä­lim edil­di. Sa­na­wyň ba­şy­ny bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri bu re­kor­dy sak­lap gel­ýän Fran­si­ýa çekýär. Ýur­da ba­ran myh­man­la­ryň sa­ny 82,6 mil­li­ona deň. Eý­fel di­ňidir Wer­sal köş­güniň ýer­leş­ýän şäheri Pa­riž bi­len bir ha­tar­da ke­nar­ýa­ka San-Tro­pe hem-de dag ete­gin­dä­ki Şa­mo­ni şä­her­le­ri da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ar­zy­ly ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.

75,6 mil­li­on myh­ma­ny ka­bul eden Is­pa­ni­ýa­da­ky ta­ry­hy bi­na­lar sa­nar­dan köp. Gra­na­da­da­ky Al-Ham­ra köş­gi, Kor­do­ba met­ji­di, Bar­se­lo­na­da­ky Sag­ra­da-Fa­mi­li­ýa but­ha­na­sy we Ibi­za ada­sy ýur­duň iň meş­hur ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar.
ABŞ-a 75,6 mil­li­on myh­man ba­ryp­dyr. Ýur­duň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň ara­syn­da Uly Kan­ýon, Nýu-Ýork şä­he­ri, Ýel­lo­us­ton mil­li se­ýil­gä­hi we San-Fran­sis­ko­da­ky “Gol­den Ga­te” köp­rü­si bar.
Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­ta­ýa 59,3 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly ba­ryp­dyr. Si­an şä­he­rin­dä­ki ta­ry­hy bi­na­lar, Pe­kindäki Ga­da­gan şä­her we Guý­lin şä­he­rin­dä­ki Li der­ýa­sy ýur­duň esa­sy sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän ýer­le­ridir.
Ge­çen ýyl Ita­li­ýa ba­ran­la­ryň sa­ny 52,4 mil­lio­na ýe­tip­dir. Rim­dä­ki Ko­li­zeý am­fi­te­at­ry we We­ne­si­ýa­da­ky Uly ka­nal iň bel­li sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry ha­sap­lan­ýar.
2018-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 35,8 mil­li­on ja­han­keş­de ba­ryp­dyr. Lon­don, Edin­burg şä­her­le­ri, Şot­lan­di­ýa­nyň dag ete­gin­dä­ki ýaý­la­la­ry, Stoun­henj sü­tün­le­ri iň ge­lim-gi­dim­li ýer­leridir.
Ber­lin­dä­ki Bran­den­burg der­we­ze­si, Keln Ka­fed­ra­ly we Noýş­wanş­taýn ga­la­sy ýa­ly ta­ry­hy ýer­le­ri bo­lan Ger­ma­ni­ýa 35,6 myh­ma­ny ka­bul edip­dir.
Mek­si­ka­nyň öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry we aş­ha­na­sy her ýyl­da da­şa­ry ýurtly myh­man­la­ryň mil­li­on­lar­ça­sy­ny özü­ne çek­ýär. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky bu ýur­da ge­çen ýyl 35 mil­li­on ja­han­keş­de ba­ryp­dyr.
Ge­çen ýyl Uzak Gün­do­gar­da­ky Tai­land 32,6 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly myh­ma­ny ka­bul edip­dir. Ban­gkok­da­ky Uly köşk, Phi-Phi ada­la­ryn­da­ky te­bi­gy gö­zel­lik­ler sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne ben­di ed­ýär.