bioýangyç alnar
Awstraliýaly alymlar gandyň ekologik taýdan arassa ýangyç bolup biljekdigini belleýärler. Kwinslend ştatynyň uniwersitetleriniň biriniň barlaghanasynda şekerçiňrik bilen baglanyşykly synag işleri amala aşyryldy. Ol hem bu ösümlikden täze önümiň alynmagyna mümkinçilik berer.
– Her ýyl Awstraliýada 35 million tonna golaý şekerçiňrik ýygnalýar. Ol ýurduň ykdysadyýetine 2 milliard dollar girdeji getirýär hem-de 40 müň adamy iş bilen üpjün edýär. Ýöne soňky döwürde senagatyň bu pudagynyň düşewüntliligi peselýär. Ganda bolan isleg hem-de onuň bahasy pese gaçýar. Şonuň üçin köp sanly önüm öndürijiler şekerçiňrikden başga önümleriň öndürilmegine gyzyklanma bildirýärler – diýip, Kwinslend uniwersitetiniň ylmy işgäri Darren Reýkmann gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, şekerçiňrikden ýangyç önümçiliginiň taslamasy düzüldi we ilkinji çig maly almak üçin taýýarlyk görülýär.