ABŞ-nyň hö­kü­me­ti ýa­ba­ny at­la­ry el­dek­ileş­dir­mek üçin tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­me­gi maksat edinýär. Ýur­duň çä­gin­de ýa­ba­ny at­la­ryň kö­pel­me­gi bi­len bu ugur­da de­giş­li çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­dy. Ýa­ba­ny at­la­ry el­deki­leş­dir­mek is­le­ýän­le­re 1000 dol­lar pul se­riş­de­si ber­ler. Bu ugur­da­ky tek­lip ýur­duň döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri­ni do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça eda­rasy ta­ra­pyn­dan ge­lip go­wuş­dy. Bu eda­ra ýa­ba­ny haý­wan­la­ry tu­tup, şo­la­ry sak­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Bir ýa­ba­ny aty el­dek­ileş­dir­mek üçin her ýyl 2 müň dol­lar ge­rek bolýar.
Hä­zir­ki wagt­da eda­ra­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da 82 müň at hem-de ýa­ba­ny eşek bar. Ola­ry sak­la­mak üçin her ýyl 50 mil­li­on dol­lar sarp edil­ýär. Eda­ra­nyň we­kil­le­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýa­ba­ny haý­wan­la­ry el­dek­ileş­dir­mek ýa­ly jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pä­ni öz üs­tü­ne alan ra­ýat­la­ra ze­rur kö­mek ber­ler. 1971-nji ýyl­dan bä­ri 245 müň ýa­ba­ny at ra­ýat­lar ta­ra­pyn­dan tutulyp el­deki­leş­di­ril­di.