Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasy “Huawei”-iň marketing bölüminiň başlygy Ýu Çendun şu ýylyň dowamynda dünýäde 250 milliondan 260 milliona çenli aralykda smartfon satmagy göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdi. Bu görkeziji hytaý kompaniýasyny dünýäde iň öňdäki orna çykarar.
Şanhaýda geçirilen dabarada çykyş eden Ýu Çendun kompaniýanyň orta hem-de gymmat bahaly smartfonlary öndürip, bu ugurdaky bazarlarda mynasyp orun almagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Häzirki wagtda Hytaýyň içerki bazarynyň 34 göterimi bu kompaniýanyň paýyna düşýär. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijini 50 göterime çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
“Gartner” kompaniýasynyň bilermenleriniň bellemegine görä, “Samsung” hem-de “Apple” ýaly kompaniýalar dünýä bazarynda “Huawei” şereketine garanyňda, öz paýyny azaldyp barýar. Dünýäniň ykjam aragatnaşyk telefon bazarynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Samsung”-yň paýy 17,3 göterime deň bolsa, “Apple” kompaniýasynky 15,8 göterime barabar. “Huawei”-iň bu ugurdaky görkezijisi 14,8 göterime deň.
Kompaniýanyň ygtyýarly ýolbaşçysy Ýu Çendun dürli görnüşli elektron enjamlaryň önümçiligi üçin täze maýa goýumlary amala aşyryp, bu ugurda hem 10 milliard dollar möçberinde girdeji gazanmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. “Akylly” öý hojalyk tehnikalary üçin döredilen “Huawei HiLink” firmasy 200-den gowrak işewür hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýar.