Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýaş nes­liň ag­ram­ly bö­le­gi se­miz­lik­den ejir çek­ýär. Şo­nuň üçin sem­red­ýän ta­gam­la­ryň ma­ha­bat­la­ry­ny, esa­san hem, gün­di­zi­ne ga­da­gan et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Sky News” te­le­ýaý­ly­my­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýur­duň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň sa­gat 21:00-a çen­li te­le­ýaý­lym­lar­da hem-de in­ter­net­de zy­ýan­ly ta­gam­la­ryň ma­ha­ba­ty­ny ga­da­gan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni göz­den ge­çir­ýär. Mu­nuň ça­ga­la­ryň se­miz­lik­den ejir çek­me­gi­niň öňü­ni al­mak­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň bir bö­le­gi­ne öw­rül­jek­di­gi aý­dyl­ýar.
Her üç ça­ga­dan bi­ri aşa se­miz ýa-da se­miz­lik­den ejir çek­ýär. Mi­nistr­li­giň Sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de dur­muş üp­jün­çi­li­gi bö­lü­min­iň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, tiz taý­ýar­lan­ýan ta­gam­la­ra ma­ha­bat ga­da­gan­ly­gy­ny gi­riz­mek­li­giň äh­li te­le­gep­le­şik­le­ri, gö­ni ýaý­lym­la­ry hem-de so­si­al tor­la­ry öz içi­ne al­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Mun­dan ozal, dü­zü­min­de has köp şe­ker, duz hem-de ýag bo­lan ta­gam­la­ryň we iç­gi­le­riň ma­ha­ba­ty di­ňe ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen te­le­gep­le­şik­ler­de ga­da­gan edi­lip­di.
– Luk­man­lar ça­ga­la­ra bu ugur­da kö­mek et­mek üçin ta­gal­la ed­ýär. Hö­kü­me­tiň hem bu ugur­da ta­gal­la et­me­gi ze­rur­dyr – di­ýip, sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri Stiw Brin bel­läp geç­di.