Islendik töweregi onuň diametrine böleniňde, netijesi 3,14 çykýar. Aslynda, bu san tükeniksiz ýagdaýda uzap gidýär. Bu üýtgeşik sany ilkinji bolup kimiň anyklandygy belli däl. Emma ol irki wagtlardan bäri matematiklere mälim bolupdyr. Her ýylyň mart aýynyň, ýagny 3-nji aýyň 14-ine Bütindünýä Pi güni bellenilýär. Pi harpy grek elipbiýiniň 16-njy harpydyr (π). Pi sanynyň 6 trillionynjy, 8 trillionynjy, 9 trillionynjy we 10 trillionynjy sanlary 5.
Pi güni ilkinji gezek 1998-nji ýylda San-Fransiskodaky “Exploratorium” muzeýinde meşhur fizik Lerri Şow tarapyndan bellenilýär.
Bu sanyň miladydan ozal XX asyrda anyklanandygy çaklanylýar. Häzirki wagtda Pi sanynyň soňky basgançaklaryny superkompýuterleriň kömegi bilen birnäçe günläp dowam edýän hasaplamalaryň netijesinde hasaplaýarlar. Islendik töweregi iki esse ulaltsaň, onuň diametri hem iki esse ulalýar, üç esse ulaltsaň, üç esse ulalýar. Başgaça aýdylanda, töwerek bilen diametriň gatnaşygy onuň ululygyna görä üýtgemeýär.
Wawilon döwründe Pi sanyny, has dogrusy, töweregi diametre bölenimizdäki sany 3 ýa-da 3,125 diýip alypdyrlar. Müsürliler bolsa, 3,1604 diýip alypdyrlar. Geredot onuň bahasyny 3,58 diýip kesgitläpdir. Grek matematigi Arhimed bolsa, 3,1408 ýa-da 3,1428 arasyndadygyny çaklapdyr. Hytaýly we grek matematikler Pi sanyny 3,162 diýip kesgitläpdirler. 1436-njy ýylda samarkantly meşhur matematik Giýas al-Din Jamşid ibn Masud al-Kaşi
“Risaletul fi Mahiful Daire” atly eserinde
Pi sanynyň 16 belgisini hasaplapdyr: 3,1415926535898732. Ol soňky hasaplamalara örän golaý bolupdyr. Şondan iki asyr geçýänçä bu ugurda täze açyş edilmändir.
Ady XVIII asyrda berilýär
Oňa 1737-nji ýylda grek elipbiýiniň 16-njy harpynyň ady berilýär. Şondan soňra alymlar bu üýtgewsiz sanyň anyk näçedigi barada has köp gyzyklanypdyrlar. Hasaplaýyş maşynlarynyň peýda bolmagy bilen Pi sanynyň has köp basgançagy anyklanypdyr. Alymlar ilki bu sanyň soňky belgileriniň belli bir tertip bilen yzygiderli gaýtalanyp dowam etjekdigini çaklapdyrlar. Emma bu beýle bolmandyr.
Täze rekord
Golaýda “Google” kompaniýasynda işleýän ýaponiýaly Emma Haruka Iwao “bulut” hasaplama hyzmaty arkaly Pi sanynyň 31 trillion belgisini hasaplamagy başardy. Munuň üçin 170 terebaýt ýat gerek bolupdyr. Iwao bu işi 25 emeli maşyndan peýdalanyp, 121 günde tamamlapdyr. Ol rekordyny dowam etdirmek isleýändigini aýdýar. Peter Truba degişli 24,6 trillion basgançakly hasaplama mundan ozalky rekord bolup, ol 2016-njy ýylda goýlupdyr.
Matematikada, geometriýada, fizikada we inženerçiligiň dürli ugurlarynda giňden peýdalanylýan Pi sany 3,14 ýa-da 22/7 görnüşinde gysgaça alynýar. Belli matematik Jeýms Grim Pi sanynyň diňe 39 belgisiniň kosmosyň adamzada mälim bolan çägini ölçemek üçin ýeterlikdigini belleýär. Astronomlar beýleki planetalara haýsydyr bir enjam uçurylanda ýa-da meteorlaryň hereketi yzarlananda, bu sanyň 15 belgisinden peýdalanyp, takyk netije alynýandygyny aýdýarlar.