Ýyl­dyzlar biz­den örän uzak­da ýer­le­şip, olar Gün­den ta­pa­wut­ly däl­dir. Ýag­ny Gün hem bir ýyl­dyz­dyr. Ýö­ne ýyl­dyz­lar has uzak­da bo­lan­soň, ki­çi bo­lup gö­rün­ýär. Şeý­le hem ola­ryň kä­bi­ri Gün­den uly, kä­si ki­çi. Hä­zi­re çen­li üs­ti açy­lan 10 mil­liard tö­we­re­gi ga­lak­ti­ka bo­lup, ola­ryň her­sin­de or­ta­ça 100 mil­liard ýyl­dyzyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Kä­ gi­je­ler as­man­da yşy­gyň ga­ýyp gi­den­di­gi­ni gör­ýä­ris. Halk ara­syn­da oňa “ýyl­dyz süýn­di” di­ýil­ýär. Bu te­bi­gy ha­dy­sa as­lyn­da me­teo­rit­le­riň at­mos­fe­ra gi­rip, ýan­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýan ýag­ty­lyk­dan yba­rat­dyr. As­man gi­ňiş­li­gin­de ga­ýyp ýö­ren mil­li­on­lar­ça ulu­ly-ki­çi­li daş bo­lup, olar Ýe­riň dar­tyş güý­ji ze­rar­ly at­mos­fe­ra gir­ýär­ler. Ýo­ka­ry tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän bu daş­lar at­mos­fe­ra­da­ky ho­wa mo­le­ku­la­la­ry­na gal­ta­şan­la­ryn­da sür­tül­me ze­rar­ly aşa gy­zyp, ýa­nyp baş­la­ýar­lar. Bu ha­dy­sa bi­ze ýyl­dy­zyň süýn­me­gi bo­lup gö­rün­ýär. Adat­ça, ýa­nan daş­lar pyt­rap, ýe­re ge­lip ýet­me­ýär. Em­ma kä­ha­lat­lar­da ola­ryň ýe­re gaç­ýan ýag­da­ýy hem bol­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, her sa­gat­da Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na or­ta­ça 5 sa­ny me­teo­rit gir­ýär. Örän seý­rek ýag­daý­da has köp san­ly daş bel­li bir no­kat­dan at­mos­fe­ra gi­rip bil­ýär. Oňa “me­te­or ýa­g­şy” ýa-da “me­te­or aky­my” di­ýil­ýär.