Fransiýanyň we Germaniýanyň Parlamentleri 25-nji martda Parižde fransuz-nemes parlament ýygnagynyň ilkinji mejlisini geçirdi. Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy iki ýurdunyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin döredilen bu ýygnak umumy meseleleri maslahatlaşmak, hyzmatdaşlyk meselelerinde we kanun çykaryjylygy utgaşdyrmak boýunça teklipleri işläp düzmekde ýerine ýetiriji häkimiýetiň işine gözegçilik etmek maksady bilen ýylda iki gezek ýygnanyşar. 56 ýyl mundan ozal, Fransiýanyň we Germaniýanyň arasynda baglaşylan Ahensk dostluk şertnamasynyň esasynda Parlamentara organy döredilipdi.
Her ýurtdan 100 wekiliň gatnaşmagynda geçiriljek bu ýygnak eýýäm 16 ýyl bäri Parižde we Berlinde gezek-gezegine yzygiderli geçirilýän bilelikdäki ministrler geňeşiniň üstüni ýetirer. Umumy Parlament ýygnagynyň guramaçylyk mejlisi Fransiýanyň we Germaniýanyň Parlamentleriniň aşaky palatalarynyň spikerleriniň – Rişar Ferranyň we Wolfgang Şoýbleniň başlyklygynda Parižde geçirildi. Onuň birinji mejlisine fransuz Milli ýygnagyndan 50 wekil, şonça-da german Bundestagynyň wekilleri gatnaşdylar. Rişar Ferran öz çykyşynda ýygnagyň birinji mejlisiniň senesiniň ýöne ýere saýlanmandygyny, onuň ýeke-täk Ýewropanyň kemala gelmeginde taryhy pursat bolup durýandygyny belledi.
1957-nji ýylyň 25-nji martynda Rimde Ýewropa ykdysady jemgyýetini döretmegiň esasyny goýan şertnama gol çekilipdi. Şonda Rim şertnamasyna Fransiýa we GFR-den başga Italiýa, Belgiýa, Niderlandlar we Lýuksemburg gol çekipdi.