Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin 28-nji mart­da Gyr­gyzys­tan Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Onuň çäk­le­rin­de dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­lyk­la­ry öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe döw­le­ta­ra, pu­da­ka­ra, se­bi­ta­ra we tä­jir­çi­lik res­mi­na­ma­la­ryna gol çe­kil­di. Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklaryň köp bölegi söwda we senagat pudagyna degişli bolup, onuň bahasy 12 milliard dollara deňdir.
Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler­den soň, Wla­di­mir Pu­tin we onuň gyr­gyz kär­de­şi Soo­ron­baý Že­en­be­kow “Stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk­da we in­teg­ra­si­ýa­da tä­ze göz­ýe­tim­ler” at­ly rus-gyr­gyz se­bi­ta­ra mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem Wla­di­mir Pu­tin we Soo­ron­baý Že­en­be­kow meş­hur gyr­gyz ýa­zy­jy­sy Çin­giz Aýt­ma­to­wyň öý-mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­dü­ler.
Rus­si­ýa Gyr­gy­zys­ta­nyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy ge­çen ýyl ýo­ka­ry de­re­je­le­re ba­ryp ýe­tip­di. Şeý­le hem Gyr­gy­zys­ta­nyň hö­kü­me­ti iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny has-da art­dy­ryp, ony 2 mil­liard dol­la­ra çen­li çy­kar­ma­gy ni­ýet edin­ýär. Gyr­gyz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goý­lan rus ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 200 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 700 tö­we­re­gi rus-gyr­gyz bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry iş­le­ýär.